Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda 5 müňden gowrak ymamyň bilim derejesi derňelýär


Özbek ymamlary

Bu ýyl prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň garaşsyzlyk gününde ilkinji gezek ymamlary nahara çagyrypdyr.

Özbegistanyň musulmanlarynyň ruhany edarasy bäş müňden gowrak ymam we kömekçi ymam bilen gürrüňdeşlik geçiripdir. Maglumata görä, gürrüňdeşlik bilen ymamlaryň bilim derejesini kesgitlemek göz öňünde tutulypdyr. Gürrüňdeşlik esasynda bilim derejesi pesdigi kesgitlenen ymamlar bilen kömekçi ymamlara garşy hiç hili çäräniň görülmejekdigi hem aýratyn nygtalypdyr.

Ýöne ýurduň welaýatlaryndan bolan ymamlar bu gürrüňdeşligi edil bir synag ýaly kabul edipdirler. Olaryň pikirine görä, hökümet ilki başda özbek ymamlarynyň sosial hem maliýe ýagdaýyny gowulandyrmalydyr.

"Maksadymyz - olardan geljekde nä derejede peýdalanyp biljegimizi öwrenmekdi"

"Daşkentde tanymal ymamlar we edaramyzyň işgärleri welaýatlardaky kärdeşleri bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Biz ymamlaryň bilim derejesini barladyk. Maksadymyz - olardan geljekde nä derejede peýdalanyp biljegimizi öwrenmekdi. Mundan beýläk ýurtda uly ylmy merkezler açylar. Şonuň üçinem biz ymamlaryň arasyndan kimi bu merkezlere iberip boljagyny anyklamak isledik" diýip, Özbegistanyň musulmanlarynyň ruhany edarasynyň kadrlar bölüminiň başlygy Abdumannap Usmanow Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren maglumatynda aýdýar.

Onuň sözlerine görä, geçirilen gürrüňdeşliklerde ymamlaryň bilim derejesine: ýokary, kanagatlanarly we pes görnüşinde baha berlipdir. Bilim derejesi pes bolan ymamlar geljekde işinden boşadylyp bilner. Ýöne häzirlikçe olara garşy haýsam bolsa bir çäre görülmez.

Gürrüňdeşliklere geňeşçi höküminde gatnaşan ferganaly bir ymam Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, ymamlaryň aglaba köpçüliginiň bilim derejesiniň ortadan pesdiginiň äşgär bolandygyna üns çekýär:

"Gürrüňdeşlik mahaly biziň käbir ymamlarymyz Russiýanyň paýtagtynyň haýsy şäherdigi baradaky sowala jogap berip bilmediler. Şeýle ymamlaryň dini we ylmy derejesiniň pesdigi bildirildi. Ýöne biziň ymamlarymyzyň ýagdaýyny şeýle gürrüňdeşlikler bilen üýtgedip bolmaz".

Daşkendiň metjidinde namaz okalýar.
Daşkendiň metjidinde namaz okalýar.

"Ymamlaryň aglabasynyň maddy ýagdaýy gaty pes"

Onuň nygtamagyna görä, Özbegistanyň welaýat we şäherlerinde işleýän ymamlaryň diňe bir bilim derejesi däl, olaryň maddy ýagdaýlary-da gözgynydyr:

"Ymamlaryň aglabasynyň maddy ýagdaýy gaty pes. Olaryň aýlyklary 1-1,5 million som (120-180 amerikan dollary). Onuň hem ýarsyny olar döwlete salgyt görnüşinde gaýtaryp berýärler. Ymamlaryň köpüsi Allanyň razylygyna aýlyk alman işleýärler. Olar metjide diňe köpçüligiň öňünde durup ymam bolmaga gidýärler we kitap okamaýarlar. Ymamlaryň köpüsi geňeşdarlyk, ekerançylyk we ýene şoňa meňzeş dürli işler bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi Musulmanlaryň ruhany edarasynyň medresesini gutaranam bolsa, ýeterlik bilimi ýokdur. Meniň göwnüme bolmasa, Ruhany edara edil häzir hut bu ýagdaýy ýaşyrmaga synanyşýar".

Ol sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: "Öz mähellämde 40 ýyldan köp wagtdan bäri hut ymam ýaly işledim we "özbek ymamlarynyň häzirki täsirsiz ýagdaýyna" gaty gynanýaryn".

Berlen resmi maglumata görä, häzirki döwürde Özbegistanda 2037 metjit bar. Ol metjitlerde bolsa bäş müňden gowrak ymam we kömekçi ymam işleýär.

Ymamlaryň diňe ýüzden 80-90 göterimi aýlyk alýar

Özbegistanyň musulmanlarynyň ruhany edarasynyň başlygy Abdumannap Usmanowyň aýtmagyna görä, häzir Özbegistanda ymamlaryň diňe ýüzden 80-90 göterimi aýlyk alýar. Ymamlaryň aýlyklary metjidiň girdejileri we adamlaryň berýän haýyr-sahawatyndan üpjün edilýär.

Resmi maglumata görä, ýurduň çet künjeklerinde ýerleşýän käbir metjitler öz eýeçiligindäki mülkleri saklap bilipdir. Öňki döwürlerden bäri musulman ruhany edaranyň eýeçiliginde bolan mülklere "wakf topragy" diýilýär.

XS
SM
MD
LG