Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” lideriniň ogly janyndan geçip eden hüjüminde öldi


Owganystanyň Helmand welaýaty, 21-nji iýul, 2017.

“Talyban” toparynyň lideri molla Haibatullah Ahundzadanyň ogly 20-nji iýulda Helmand welaýatynda janyndan geçip amala aşyran hüjüminiň netijesinde öldi diýip, “Talybanyň” metbugat wekili 22-nji iýulda aýtdy.

Hafiz Halid ady bilen tanalan 23 ýaşly Abdur Rahman 20-nji iýulda irden Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň Gereşk etrabyndaky uly bazasyna içi partlaýjy serişdeli ulagyny sürüp, öldi diýip, “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid dpa agentligine aýtdy.

Şol günüň özünde “Talybanyň” söweşijileri Gereshkyň daşyndaky agyr söweşleriň dowamynda ele salnan üç sany “Humvee” awtoulagyny barlag-geçiş nokadyna sürüpdi.

Mullah Haibatullah “Talybanyň” öňki lideri Molla Ahtar Mohammad Mansour 2016-njy ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň Pakistanda amala aşyran howa hüjüminde ýogalansoň, topara ýolbaşçy bolupdy.

Hökümet resmileri häkimiýetleriň ýagdaýy derňeýändigini aýdýarlar.

“Talyban” häzirki wagtda Helmand welaýatynyň 80%-ne gözegçilik edýär. Bu ýerde müňlerçe gektar ýerde öndürilýän göknar söweşiji topara ýüzlerçe million dollarlyk girdeji getirýär.

XS
SM
MD
LG