Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Katar krizisiniň indi hiç kime bähbidi ýok diýip, sapara ugrady


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp  Erdogan Stambulda çykyş edýär, 21-nji iýul.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu ýagdaýyň uzamagynyň hiç bir ýurda bähbidiniň ýokdugyny aýdyp, Saud Arabystanyna, Küweýte we Katara iki günlük sapara başlady.

Saud Arabystany, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Müsür, şeýle-de beýleki birnäçe ýurt Katar bilen ähli diplomatik we söwda gatnaşyklaryny kesdiler. Olar bu aýlak ýurduny yslamçy ekstremistleri maliýeleşdirmek diýilýände we sebitiň regional bäsdeşi Eýran bilen ýakyn gatnaşyk saklamakda aýyplaýarlar.

Katar bu diýilýänleri ret edýär, emma krizisi çözmek üçin gepleşiklere taýýardygyny, ýöne özüniň özygtyýarlylygynyň sylanmalydygyny aýdýar.

Erdogan 23-nji iýulda golaýda bu krizise araçylyk eden Kuweýte ugramazyndan öň Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bilen duşuşýar. Onuň bu saparyny 24-nji iýulda Katarda soňlamagyna garaşylýar.

"Bu krizisi mundan aňryk uzaltmakda hiç kimiň bähbidi ýok” diýip, Erdogan 23-nji iýulda Stambul aeroportynda, iki günlük sapara ugramazyndan öň aýtdy.

Ol “duşmanlary” sebitdäki “doganlaryň arasynda dartgynlylyk oduny tutaşdyrmaga” çalyşmakda aýyplady.

Şeýle-de Erdogan patyşalygy aşa tankytlamakdan seresaplylyk edip, “Aýlak sebitiniň ýaşuly döwleti” hökmünde, Riýadyň bu krizisi çözmekde has uly rol oýnamalydygyny belledi.

Bu krizisi çözmek üçin edilen halkara tagallalary, şol sanda ABŞ tagallalary şu wagta çenli netije bermedi.

Iýun aýynda krizis döräli bäri Türkiýe Katara esger iberdi we kiçijik aýlak ýurduna ýardam bermek üçin azyk ýüklerini ibermegini dowam etdirýär.

Katar Türkiýe üçin strategiki ähmiýete eýe, Ankara 2014-nji ýylda baglaşylan ylalaşykdan soň bu nebite baý ýurtda harby baza gurundy. Türkiýe bu bazada ahyrynda 1000-e çenli esgeriň ýerleşdirilip bilinjekdigini aýtdy.

Şeýle-de bu iki ýurt “Musulman doganlygy” ýaly yslamçy toparlara hem goldaw berýär diýip ynanylýar, Aýlak ýurtlary bu hili toparlara öz dolandyryşlaryna howp hökmünde garaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG