Sepleriň elýeterliligi

Tramp Tähranyň ýadro ylalaşygyna hormat goýmasa “uly problemalara” duçar boljagyny duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 24-nji iýul, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji iýulda Eýrana ýene bir duýduryş berip, Tähranyň dünýä ýurtlary bilen baglaşan ylalaşygyna hormat goýmalydygyny, bolmasa “uly, uly problemalara” duçar boljakdygyny aýtdy.

Waşingtonyň we Tähranyň arasynda bir-biriniň adyna edilen bu nobatdaky duýduryş ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň Pars aýlagynda Eýranyň gämisine duýduryş bermek üçin ok atandygyny 25-nji iýulda yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Geçen hepdede Donald Tramp Eýranyň 2015-nji ýylda baglaşan ylalaşygyny berjaý edýändigini tassyklapdy. Ylalaşyk Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegini we Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny göz öňünde tutuýar.

Şol bir wagtda-da Donald Tramp ABŞ-nyň Ohio ştatynda öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda özüniň Tähran babatynda seresaplydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG