Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Siz şeýdip edeniňizi edip ýörmekçimi?"


Aşgabatda polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag sürüjisi. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag sürüjisi. Arhiwden alnan surat

Hormatly adamlar!

Aziada barada oýlanmagňyzy isleýärin.

Aziada geçýänçä diýilýän soňky moda gadagançylyklar hakykatdan hem Aziada geçyänça edilyärmika? Ýa-da geçensoňam şol gadagançylyklar bilen galarmy?

Meniň pikirimçe Hökümet halkyna öwreden endigini yza çekmese gerek. Çilimi gymmat bahadan satyn almagy öwredişi ýaly. Eger hakykatdan hem welaýatlylaryň Aşgabatda propisgasyz ýaşamagy, welaýat ulaglaryň girmegi Aziada howpsuzlyk sebäpli bolsa onda näme üçin 2 ay öňunden başladylar?

10 gün galanda da başlasa bolýara. Diýmek soňam dowam etmäge niýetli. Yogsa-da ýurdy öz arkasyndaky bag bakjasyna öwüren Hormatly Arkabagym! Siz nähili pikirde? Edeniňizi edip ýörmekçimi şeydip?

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG