Sepleriň elýeterliligi

Pakistan partiýasy täze premýer seçmek üçin maslahatlaşýar


Nawaz Şarif

Pakistanyň dolandyryjy partiýasynyň agzalarywezipesinden çetleşdirilen Nawz Şarifiň ýerine premýer-ministr saýlamak üçin ýygnak geçirýär.

Şarifiň dogany, Panjab welaýatynda baş ministr bolup işleýän Şehbaz premýer-ministriň wezipesi üçin güýçli dalaşgärbolup durýar.

Nawaz Şarif 28-nji iýulda, ýurduň Ýokary sudy onuň 2016-njy ýylda panama kagyzlaryndan syzyp çykan korrupsiýa aýyplamalary bilen bagly işden aýrylmalydygyny aýdanyndan gysga wagt soň işden çekildi.

Nawaz Şarif özüniň hiç bir nädogry iş etmändigini aýdýar.

Şarifiň Pakistanyň Musulman ligasy-Nawaz (PML-N) partiýasynyň baş lideri Raja Zafarul Hak işden çetleşdirilen premýeriň hem 29-njy iýuldaky ýygnaga gatnaşjakdygyny aýtdy.

Geo TV Şarifiň Ýokary suduň kararyndan soň partiýanyň baýry liderleri bolan duşuşykda öz doganyny premýer-ministrlige teklip edendigini habar berdi.

Şarifiň ýerine geçmegi mümkin ýaranlaryň arasynda goranmak ministri Asif Khawajanyň we nebit ministriŞahid Abbasiniň hem atlary agzalýar.

XS
SM
MD
LG