Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň bombaçy uçarlary Koreýa ýarymadasynyň ýokarsyndan aýlandy


ABŞ-nyň B-1B bombaçylary
ABŞ-nyň B-1B bombaçylary

ABŞ-nyň harby howa güýçleri öz bombaçy uçarlarynyň Demirgazyk Koreýanyň soňky raketa synaglaryndan soň, Koreý ýarymadasynyň ýokarsyndan uçup, güýç-kuwwatyny görkezendigini aýdýar.

Phenýan 28-nji iýulda kontinentara ballistik raketasynyň synagyny geçirdi we onuň ýadro ýaragy bilen ABŞ-nyň territoriýasyna ýetmäge ukyply bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň B-1B bombaçy uçarlary ABŞ-nyň Guamdaky howa bazasyndan asmana göterildi we on sagatlyk missiýada, ýolda tutmak we formasiýa türgenleşiklerinde ýapon we günorta koreýa söweş uçarlary bilen birleşdir diýip, Amerikanyň ýaragly güýçleri aýtdy.

"Demirgazyk Koreýa regional howpsuzlyga iň howply wehim bolmagynda galýar” diýip, Ýuwaş okeandaky harby howa güýçleriniň komandiri, general Terrence O'Shaughnessy öz çap eden beýanatynda aýtdy.

"Eger çagyrylsak, biz öz saýlap alan ýerimiz hem wagtymyz esasynda çalasyn we ýok ediji zarba urmaga taýýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu beýanat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň tiwtterde Pekini özüniň Demirgazyk Koreýadaky ýaranyny jylawlamagyň hötdesinden gelmezlikde tankytlan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG