Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada bolan atyşykda iki adam öldi


German polisiýasy. Arhiw fotosy

German polisiýasy günortadaky Konstanz şäheriniň diskotekasynda bolan atyşyk netijesinde iki adamyň ölüp, birnäçe adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Polisiýanyň 30-njy iýuldaky beýanatynda 34 ýaşyndaky ýaragly adamyň diskotekada adamlary oka tutup, polisiýa tarapyndan tüpeňlenmezinden öň bir adamy öldürendigi, dört adamy ýaralandygy aýdylýar.

“Hüjümçi polisiýa bilen atyşykda agyr ýaralandy we diskotekany terk edip, biraz soň hassahanada ýaralaryndan heläk boldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de polisiýa şähere ýörite güýçleriň agzalarynyň ýerleşdirilendigini, sebäbi hüjümçiniň ýeke hereket edendigini ýa ýoldaşlarynyň bardygynyň anyklanylmalydygyny aýtdy.

Bu hüjüm 26 ýaşly migrantyň Hamburgda 28-nji iýulda pyçakly bir adamy öldürip, alty sany adamy ýaralamagynyň yz ýanynda guraldy.

German häkimiýetleri bu hüjümçiniň adamlara topulmazyndan öň käbir radikallaşma alamatlaryny görkezendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG