Sepleriň elýeterliligi

ABŞ harbylary öz hereketleriniň 'professional' bolandygyny aýdýar


ABŞ dikuçarlary. Arhiw fotosy

ABŞ-nyň harby deňiz güýçleri Aýlakda ABŞ dikuçarynyň Eýranyň yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy tarapyndan işldeilýän gämä duýduryş okunyň atylan hadysasynda öz hereketleriniň “howpsuz we professional” bolandygyny aýtdy.

Harby deňiz güýçleri 29-njy iýulda özüniň bir dikuçarynyň halkara howa giňişliginde patrulda bolan wagty raketa göteriji eýran gämileriniň “ýokary tizlikde” ABŞ gämilerine golaýlap barýandygyny görendigini belledi.

Dikuçar bu gämiler bilen aragatnaşyk gurup, gepleşmäge synanýar, emma jogap bolmaýar. Bu ýagdaý onuň duýduryş oklaryny atmagyna getirdi diýip, ABŞ-nyň Bahreýnde ýerleşýän 5-nji flotynyň resmileri aýtdylar.

Duýduryş oklary eýran gämileriniň öz ugrunyüýtgetmegine sebäp boldy diýip, deňizçiler aýtdy.

Eýranyň yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy bu hadysa mahalynda öz gämileriniň Resalat nebit-gaz platformasynyň golaýynda bolandygyny aýtdy.

“Amerikanlar gämilere duýduryş oklaryny atyp, yrsaraýjy we professional däl hereket etdiler” diýip, eýran tarapynyň beýanatynda aýdyldy.

XS
SM
MD
LG