Kabuldan gowuşýan maglumatlara görä, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjüminden soň Yragyň ilçihanasynyň jaýynyň golaýynda ýaragly adamlar bilen söweşýärler.
Ady agzalmadyk polisiýa resmileriniň AP agentligine aýtmagyna görä, partlama ilçihananyň daşynda 31-nji iýulda bolupdyr, onuň yzýany ýaraglylar ilçihana girmäge synanyşypdyr.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daniş yrakly diplomatlaryna howp abanmaýandygyny we hüjüme üç ýaraglynyň gatnaşýan bolmagynyň hasap edilýändigini aýtdy.
“Ysam döwleti” (YD) topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, diýip toparyň propagandaçy agentligi Amak habar berdi.
Hüjümiň netijesine adam pidasynyň bolup-bolmandygy dessine habar berilmedi.
Şu ýyl Kabul heläkçilikli hüjümleriň ençemesine sezewar boldy, olaryň jogapkärçiligini “Talyban” we YD toparlary öz üstüne aldy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.