Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda lisenziýasyz kireý edýän awtoulag eýelerine gözegçilik güýçlendirildi


Polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag eýesi. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda ýörite lisenziýasy, rugsat haty bolmazdan köçede öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlara edilýän gözegçiligiň güýçlenendigi, olaryň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanylyp, jerime salynýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hususy awtoulagy bilen kireý edýän raýatlary saklamak çärelerine Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bir hatarda, etrap, şäher Salgyt gullugynyň resmileriniňem gatnaşýandygyny aýdýarlar.

“Göýä haýsam bir ugra gitjek ýolagçy hökmünde awtoulagy saklap, düşjek ýerlerinde-de resmi dokumentlerini, şahadatnamalaryny görkezip, awtoulagy bilen kireý edýän adamdan rugsat hatynyň barlygyny-ýoklugyny anyklaýar. Şony görkezmegi talap edýär. Görkezmediklere, jerimäni resmileşdirýändiklerini aýdýarlar” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlaryň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda Administratiw düzgün bozmalar hakyndaky kanunyna geçen ýylyň noýabr aýynda girizilen düzedişlere laýyklykda, ýörite lisenziýasy bolmadyk taksi eýeleri birinji gezek saklananda, olara ýurtdaky aýlygyň 1 essesi, ikinji gezekde 5-7 essesi möçberinde jerime salmaga rugsat edilýär. Türkmenistanda häzirki wagt iň pes aýlyk 650 manat möçberinde diýlip kesgitlenilýär.

Üçünji gezekde bolsa, awtoulag eýesiniň sürüjilik şahadatnamasy elinden alnyp, ol üç ýyla çenli ulag sürmek hukugyndan mahrum bolýar. Mundan ozal, ýörite lisenziýasy, rugsat haty bolmazdan köçede öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlara salynýan jerimäniň möçberi 50-300 manat aralygyndady.

Aşgabatda öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň bermegine görä, mundan öň lisenziýany bir ýyl möhlet bilen belli derejede alyp bolan bolsa, soňky bir ýylyň dowamynda ony almak düzgünleri juda çylşyrymlaşdy we kynlaşdy.

Aýdylmagyna görä, indi ýekebara adama şahsy awtoulagyň bilen gazanç etmäge rugsatnama ýatyrlypdyr. Häzirki wagt hususy awtoulagy bilen kireý etmekçi bolýan raýatlar azyndan 12 adam bolup birleşip, hojalyk jemgyýeti diýilýän ýörite firma şekilli edara döretmeli.

“Bu jemgyýeti döretmek üçin resminamalaryň onlarçasy, belkem, ýüzlerçesi talap edilýär. Her bir awtoulagy tehniki taýdan guratlygy boýunça barlagdan geçirmeli. Ýolagçyny alyp barýan mahaly, ýol hadysasy bolsa, ýolagçylara maliýe ýardamyny etmek barada, degişli edaralar bilen şertnama baglaşylmaly. Ýörite kesgitlenen möçberdäki salgydy Salgyt gullugyna her üç aýda bir gezek tölemeli. Ine, şondan soň, rugsatnama berilýär. Ýöne bu şertleri ýerine ýetirmek örän kyn. Sebäbi talap edilýän resminamalary ýygnamak mümkin däl diýen ýaly” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran, hususy taksi eýeleriniň biri aýdýar.

Aşgabat Polisiýasyny ýol gözegçilik gullugyndaky jogapkär ofiseri we şahsy awtoulagy bilen kireý edýän aşgabatlylaryň 10-dan gowragy bu jemgyýeti döretmek baradaky talabyň güýje girenine ýedi aý çemesi wagt bolandygyna garamazdan, häzirlikçe şeýle jemgyýetiň döredileni barada eşitmändigini aýdýar.

Galyberse-de, olar paýtagtda bu talabyň güýçlenmegi netijesinde öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýänleriň sanynyň göz-görtele azalandygyny we munuň taksi eýeleri bilen bir hatarda, raýatlara hem ýaramaz täsirini ýetirýändigi aýdylýar.

Bugaýewiň sözlerine görä, şäherde jemgyýetçilik transport gatnawy belli bir derejede ýola goýlan bolsa-da, bu ýolagçylaryň talabyny ýeterlik derejede ödäp bilmeýär. Sebäbi Aşgabadyň köp ýerine jemgyýetçilik awtobusy hem barmaýar. Bu bolsa adamlaryň hususy taksilere bolan talabyny artdyrýar.

“Meselem, şäheriň bu çetinden, beýleki çetine barjak bolsaň, ýolda üç-dört sany awtobusa münüp-düşmeli. Onsoň adamlaram öz möhümini bitirmek üçin islese-islemese taksileriň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýarlar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi döwlet telewideniýesinde raýatlaryň “köçede hereket mümkinçiliklerini ýeňilleşdirmek maksady bilen” döwlet tarapyndan sary taksileriň ýola goýlandygy wagtal-wagtal mahabatlandyrylsa-da, olaryň tölegleriniň ýönekeý ilatyň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG