Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens “Patriot” howa hüjümlerinden goranyş sistemalaryny Estoniýada ornaşdyrmak meselesini gozgapdyr


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens
Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens 30-njy iýulda “Patriot” howa hüjümlerinden goranyş sistemalaryny Estoniýada ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň etdi diýip Estoniýanyň premýer-ministri aýdýar.

“Biz bu barada şu gün gürrüň etdik, ýöne munuň wagty-sagady barada gepleşmedik” diýip, premýer-ministr Juri Ratas “EPR” döwlet kanalyna beren gürrüňinde aýtdy.

Pens Orsýet bilen araçäkleşýän Baltika ýurduna sapar edýär.

ABŞ-yň “Patriot” gorag sistemasy ýere berkidilip, raketa hüjümlerini we söweş uçarlarynyň hüjümlerini serpikdirmäge niýetlenen ykjam howa hüjüminden goranyş ulgamydyr.

Şeýle-de, Ratas iki lideriň Orsýetiň eston serhetine golaý araçäkde geçirmegi planlaşdyrýan harby manýowrlary barada maslahat edendiklerini hem mälim edip, “bular barada Estoniýanyň, Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň nädip ýagdaýy synlajakdyklary we maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrjakdyklary barada maslahat edildi” diýdi.

Mundan soňra Gürjüstana we Montenegro, ýagny Garadag respublikasyna sapar etjek Pens Estoniýanyň paýtagty Tallinnde eden çykyşynda, Orsýetiň regiondaky niýet-päline garşy Waşingtonyň Baltika ýurtlarynyň hem-de Gündogar Ýewropadaky ýaranlaryň aladalaryna deň-derejede goşulýandygyny mälim etdi.

Pens “Fox News” kanalyna beren interwýusynda: “ Biziň Baltika ýurtlaryna, Gürjüstana, Montenegro we Günorta Ýewropadaky ýaranlarymyza aýtjak zadymyz: Azatlyklar ugrunda biz elmydama siz bilen!” diýdi.

31-nji iýulda Pens Tallinne eden saparynyň çäginde, eston prezidenti Kersti Kaljulaid bilen digital ykdysadyýet, kiber howpsuzlygy we innowasiýalar barada maslahat etdi.

Şeýle-de, wise-prezident Latwiýanyň hem-de Litwanyň prezidentleri bilenem duşuşar. NATO agzasy bolan bu iki ýurtlara-da edil Estoniýa bolşy ýaly sowet döwründe Moskwa agalyk edýärdi. Pens Estoniýa ýerleşdirilen NATO goşunlarynyň huzurynda hem söz sözlär.

Tallinnden soňra Pens Gürjüstanda we NATO-nyň täze agzasy Garadagda saklanar.

ABŞ-yň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileri gürrüňi edilýän sapara iýul aýynyň başynda prezident Donald Trampyň Ýewropa eden saparynyň dowamy hökmünde garaýarlar.

Tramp Polşa we Germaniýa sapar edip, NATO-ny goldaýandygyny aýtdy. Şol saparyň dowamynda ol Moskwa bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde, rus prezidenti Wladimir Putin bilen-de duşuşdy.

Prezidentlik wezipesiniň ilkinji günlerinde Tramp NATO şertnamasynyň 5-nji maddasyny aç-açan agzamagy käbir ýaranlary ýaýdandyrdy. Agzalýan maddada NATO-nyň bir ýurduna hüjüm edilmegi ýaranlygyň ähli agza döwletlerine hüjüm edilýändigini aňladýar.

Ýöne 6-njy iýulda Warşawada eden çykyşynda Tramp ABŞ-nyň 5-nji maddanyň “doly arkasynda durýandygyny” aýtdy we Orsýeti Ýewropada alyp barýan işleri üçin tankyt etdi.

Estoniýa we Montenegro NATO-nyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde Gürjüstan hem Günbatar ýaranlygyna goşulmaga isleg bildirýär.

Özünden Trampyň NATO-nyň özara gorag üpjünçiligine ygrarlylygy barada soralanda, Pens Tallinnde habarçylara: “Birleşen Ştatlaryň administrasiýasy muny anyk mälim etdi, ýagny biziň administrasiýamyzyň syýasaty NATO ýaranlarymyza ygrarlylygy saklamak we bir ýurda hüjümi ählimize edilen hüjüm hasaplaýan 5-nji maddanyň arkasynda berk durmak” diýdi.

Gürjüstanda Pens bu ýurduň özbaşdaklygyna we territorial bütewiligine Birleşen Ştatlaryň goldawy barada çykyş eder diýip, resmiler aýdýar.

Orsýet Gürjüstanyň territoriýasyna-da göz gyzdyrýar. Kreml 2008-nji ýylda Tbilisä çozup bäş günläp urşansoň, Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz ýurt hökmünde ykrar edýär. Agzalýan iki regionda Orsýetiň müňlerçe goşuny bar.

27-nji iýulda Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Pensiň etjek sapary Gürjüstanyň harby güýçlerini goldamakda ABŞ-yň berýän goldawynyň dowam edýändigini görkezer diýdi.

Pensiň Gürjüstana etjek saparynyň dowamynda 800 gürjüstanly we 1600 amerikan harbysynyň gatnaşmagyndaky “Noble Partner 2017” harby türgenleşigi geçiriler. Ol ýerde Pens Birleşen Ştatlaryň goşunlary bilen duşuşar.

Harby türgenleşige Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Sloweniýanyň we Ermenistanyň goşunlary hem gatnaşýar.

Ak tam Pensiň Tbilisä 31-nji iýulda barjakdygyny we gürji premýer-ministri Girogi Kwrikaşwiliniň myhmanyň hormatyna berjek resmi agşamlygyna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Pensiň saparynyň soňky duralgasynda NATO-nyň iň ýaş agzasy Montenegro, ýagny Garadag respublikasy bar. Orsýet Montenegronyň iýun aýynda NATO düzümine kabul edilmegine tutanýerli garşy çykypdy.

2-nji awgustda Pens Montenegronyň paýtagty Podgoritsada geçiriljek Adriatik Hartiýanyň sammitine gatnaşar diýip, Birleşen Ştatly resmiler aýtdy.

Pens sammitde regionda kanunyň hökmürowanlygy, syýasy reformalar we başarjaň döwlet dolandyrylyşyna zerurlyk barada çykyş eder we Birleşen Ştatlaryň Günbatar Balkan döwletlerine ygrarlylygyny nygtar.

Sammite Albaniýanyň, Bosniýa-Gersogowiniýanyň, Horwatiýanyň, Kosowonyň, Serbiýanyň we Sloweniýanyň liderleri hem gatnaşar.

XS
SM
MD
LG