Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Oppozision syýasatçy Karrubi ikinji gezek keselhana düşdi


Mehdi Karrubi
Mehdi Karrubi

Eýranly oppozision syýasatçy Mehdi Karrubi ýüregindäki kemçilik sebäpli şu hepdede ikinji gezek keselhana düşdi.

Karrubiniň aýaly Fatemeh Karrubi öz adamsynyň Tähranyň keselhanasynyň ýürek keseller bölümine ýerleşdirilendigini 31-nji iýulda ýarym resmi ILNA täzelikler agentligine aýtdy.

Parlamentiň öňki ýolbaşçysy 79 ýaşly Karrubi sud edilmezden 2011-nji ýyldan bäri öý tussaglygynda saklandy. 25-nji iýulda Krrubi ýürek keseli zerarly keselhana düşdi.

Karrubiniň garyndaşlary onuň saglygynyň ýaramazlaşmagyny uzak wagtlap tussaglyk astynda saklanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Karrubi oppozision lider Mir Hossein Musawi we onuň aýaly Zahra Rahnaward bilen bilelikde 2011-nji ýylyň fewral aýynda öý tussaglygyna alnypdy. Olar 2009-njy ýylyň dawaly prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy çykmagy we adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekmegi üçin häkimiýetleriň basyşy astyna düşüpdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar oppozision liderleri boşatmaga çagyryp gelýärler.

XS
SM
MD
LG