Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň regional sudunyň jaýynda sud edilýän üç adam atylyp öldürildi


Moskwa regiony boýunça suduň jaýy, Moskwa

Orsýetiň Içeri işler ministrligi 1-nji awgustda Moskwa regionynyň sudunyň jaýynda sud edilýän üç adamyň atylyp öldürlendigini we azyndan ýene ikisiniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Orsýetiň täzelikler agentlikleri şaýatlara, aklawçylara we suduň resmilerine salgylanyp, birnäçe adamyň öldürilmegi bilen bagly aýyplamalaryň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan dokuz adama garşy gozgalan iş boýunça geçirilen sud diňlenişiginde azyndan üç sany adamyň öldürlendigini habar berdiler.

Suduň iki işgäriniň hem ýaralanandygy we edaranyň ewakuasiýa edilendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG