Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan şu ýyl haj zyýaratyna 160 adamy iberýär


Eid al-Fitr baýramçylygynda, Aşgabat
Eid al-Fitr baýramçylygynda, Aşgabat

Türkmenistandan 160 adam 17-nji awgust we 7-nji sentýabr aralygynda Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giderler.

Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permanyna görä,«Türkmenhowaýollary» kompaniýasyna öz serişdeleriniň hasabyna türkmen zyýaratçylarynyň Saud Arabystanyna saparyny amala aşyrmak tabşyryldy.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe 180 töweregi zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haç parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG