Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy?


Owganystandaky "Talyban" toparynyň söweşijileri
Owganystandaky "Talyban" toparynyň söweşijileri

Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy? Türkmen hökümeti, hamana, “wehim salýar” diýýän ýaly käbir çäreleri görýär.

Häkimiýetler howpsuzlyk barada adatdakysyndan has derdeserli görünýäne çalym edýär. 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alany bäri hökümetiň jemgyýeti berk gözegçilikde saklaýandygyny göz öňüne getirenimizde, hökümetiň hysyrdysyny aňmak aňsat.

Şu ýyl aýaklaberende geçiriljek halkara çäresine taýýarlyk görýän Türkmenistan birden serhediň aňyrsyndan ýa-da, belki-de, serhediň edil alkymyndan abanýan dowla mübtela bolup howsala ýagdyrmagy ýokarlandyrdy.

Türkmen hökümeti ýöne ýere biynjalyk bolanok. Özi bilen serhetleşýän owgan welaýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly uruş barýar.

Owgan resmileriniň, ýerli harby komandirleriň we obalylaryň aýtmagyna görä “Talyban” gündogardaky Jöwüzjan welaýaty bilen günbatardaky Hyrat welaýaty aralygynda Farýaby, Badgysy hem öz içine alýan onlarça etrapda öz hökümini ýöredýär ýa-da ýöretmäge dyrjaşýar.

Bellemeli ýeri, gürrüň diňe bir “Talyban” barada däl.

20-nji iýunda “Yslam döwleti” (‘YD’) toparynyň jeňçileri Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandyklaryny öňe sürdüler. Owgan resmileri-de, “Talyban-da” ‘YD-yň’ Darzapdadygyny tassyklady.

Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Hökümetiň güýçleriniň hem-de “Talybanyň” çar ýandan hüjüm etmegi bilen “YD” jeňçileri ol ýerden kowlup çykarylanam bolsa, demirgazyk-günbatar Owganystanda “Yslam döwleti” ilkinji gezek bir etraby basyp alandygyny öňe sürdi.

Demirgazyk-günbatar Owganystanda “YD-nyň” bardygyny inkär eder ýaly däl. Onsuzam, 2015-nji ýylyň ahyrlarynda adaty “Talyban” güýçlerinden ýeňlen “YD-a” wepaly “Özbegistanyň yslam hereketi (ÖYH)” we “Talyban” jeňçileriniň agzalýan giňişlige akym edýändigini her kim bilýärdi.

Köpler Yrakdan we Siriýadan gaçan “YD” jeňçileri Owganystana sümer diýip garaşýardy. Soňky aýlarda olaryň demirgazyk-günbatar Owganystandaky göze ilginç hereketlerinden çen tusaň, käbir jeňçileriň Owganystana bireýýäm baryp ýeten bolmaklarynyň ahmaldygyny aňsa bolýar.

Ynha şu ýagdaý gürrüňi ýene-de Türkmenistan barada dowam etdirmäge iterýär. Aşgabat “Yslam döwleti” ýa-da “YD-a” mahsus teraktlar barada howatyrlanýan ýaly.

Elbetde, türkmen hökümeti bu barada dil ýaranok. Asla-da ýarmaz!

Owgan mediasy uruş kähalatlarda türkmen serhediniň edil alkymynda barýar diýip habar berýänem bolsa, türkmen resmileri özleriniň owgan serhedinde gep-gürrüň ýok diýýärler.

Türkmenistanyň goranmak ministrliginden, resmileriň daşary ýurt habar serişdelerinde çykyş etmeklerine ygtyýar edilmeýändigini göz öňünde tutup, hökümetiň basyşyndan gorkan we şonuň üçin adynyň aýdylmazlygyny soran bir çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň halk arasynda Azatlyk diýip tanalýan Türkmen gullugyna Owganystanyň Herat welaýaty bilen araçäkleşýän serhedinden Türkmenistana iýun aýynda dört söweşijiniň geçendigini habar berdi.

Çeşme Owganystan-Türkmenistan-Eýran araçäginiň golaýynda ýerleşýän Kaka etrabynda şol dört adamyň ele salnandygyny we olaryň Türkmenistanyň Mary şäherine sümjek bolandyklaryny aýtdy.

Ol ele salnanlar “YD” jeňçileri diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Güman edilýän jeňçilere garşy operasiýa gatnaşan howpsuzlyk gullugynyň bir ofiseri çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň adynyň anonim galmagyny sorap, söweşijileriň dördüsi-de Türkmenistanyň raýaty we olar etniki türkmenler diýdi.

Güman edliýänleriň sorag edilişiginden habarly çeşme saklananlaryň dördüsi hem ilki Türkiýä baryp, ol ýerden Yraga we Siriýada söweşmäge gidipdirler diýdi.

Şeýle-de, ol ele geçirilenler özleri ýaly beýleki ýoldaşlarynyň serhedi böwsüp geçmeklerine we olar bilen duşuşmaga garaşýan ekenler diýdi. Harby aňtaw maglumatlary owgan serhediniň ugrunda başga-da onlarça jeňçiniň bardygyny görkezýär diýip, ofiser sözüniň üstüni ýetirdi.

Agzalýan territoriýada ýaşaýyş seýrek, ýöne ol ýerler esasan çöllük bolansoň türkmen howpsuzlyk güýçleri guýulara yzygiderli esewan edýärler.

“YD” söweşijileriniň Türkmenistana sümen bolmaklarynyň ahmaldygy barada peýda bolan habarlar hemmeleri aň-taň edýändir, ýöne bu habar türkmen häkimiýetleri üçin geňirgendiriji bolmasa gerek.

Iýun aýynda Azatlyk özüniň Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, ady aýdylmadyk bir döwletiň (ahmal - Türkiýe) “YD” bilen ilteşiklilikde güman edilýän dört türkmen raýatyny saklandygyny we türkmen häkimiýetlerine tabşyrandygyny habar berdi.

Çeşmäniň aýtmagyna görä, şol dört adam Türkmenistana maý aýynda ugradylypdyr we şonda Türkmenistanda terror hüjüminiň planlaşdyrylýan bolmagynyň ahmaldygy barada aňtaw maglumaty hem berlipdir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýul aýynyň başynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde: “Döwlet düzüminiň kanunçylygynyň goragynda berk durmak, islendik hukuk bozmalaryna we jenaýata garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm borjudyr” diýdi.

Terror hüjümini Türkmenistanda amala aşyrmagyň akylly-başly däldigine güwä geçýän bir sebäp bar, ýagny Türkmenistan izolýasionist döwlet. Ol ýerde nämeleriň bolup geçýändigi barada maglumat almak örän çetin.

Türkmenistanda terakt bolsa ýurduň daşynda her kim ondan bihabar galar.

Ýöne sentýabra sanlyja gün galanda, ýagdaý üýtgeýän ýaly.

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçirilýär. Bu prezident Berdimuhamedowyň şöhrada çapýan giň gerimli proýekti. Çärä gatnaşmak üçin ýurda diňe bir daşary ýurtly atletikaçylar däl, eýsem daşary ýurtly habar serişdeleri we tomaşaçylar hem gelýär.

Türkmen häkimiýetleri bu çäräniň üsti bilen halkara ünse çapýar, şonuň üçin Ýakyn Gündogarda ejir çekýän “YD” ýaly ekstremist toparyň Aziýa oýunlarynyň dowamynda terakt geçirip, özüne üns çekjek bolmagy aňşyrylmazça däl.

Türkmen häkimiýetleri howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin bireýýäm yzygiderli çäreleri güýje girizdi.

Türkmen paýtagtynda ýazgyda durmadyk adamlara resmi derejede dürli çäklendirmeler girizilýär.

Welaýat belgili ulaglaryň paýtagt Aşgabada girmeklerine rugsat berilmeýär.

Aziýa oýunlarynyň geçiriljek binalarynyň gurluşygynda zähmet çeken işçiler paýtagtyň eteginde ýerleşdirilipdi.

Berdimuhamedowyň hökümeti goramak barada iýul aýynda eden çykyşyndan soň güýje giren täze düzgüne görä, türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda zähmet çekýän daşary ýurtly işgärlerden üç sany fotosuraty, häkimlikden berlen iş rugsatnamasyny, kireýine alýan jaýynyň patentini, şertnamasynyň nusgasyny, iş beriji kompaniýadan kepilnama, bank hasaplary barada maglumat we beýleki dokumentleri talap edýärler

Daşary ýurtlulardan jogapkär edaranyň, ýagny Migrasiýa gullugynyň jogapkär resmisi gizlinlik şertinde Azatlyk radiosyna alnyp barylýan çäreler barada: “ Häzir Türkmenistanda we dünýäde käbir raýatlaryň ‘Yslam döwleti’ bilen aragatnaşygy bolmagyndan alada edilýär. Şol sebäpli, bu çäreler ýurda gelip işleýän adamlaryň ‘Yslam döwleti’ topary bilen arabaglanyşygynyň bolup-bolmandygyny ýa-da olaryň agzalýan toparyň agdyklyk edýän ýerlerinde işläp-işlemändigini anyklamak üçin amala aşyrylýar” diýip gürrüň berdi.

Terrorçylaryň we jeňçileriň türkmenler bilen ilteşigi baradaky maglumatlar ozalam peýda bolupdy.

Siriýadaky daşary ýurtlular barada 2013-nji ýylyň iýun aýynda peýda bolan ilkinji wideolaryň birinde özüniň türkmenistanlydygyny öňe sürýän dört adam görkezilipdi.

Siriýanyň müftüsi Badreddin Hassun öz ýurdunda Türkmenistandan gelen 360 hakyna tutma söweşijiniň söweşýändigini öňe sürüpdi.

Şeýle-de, 2008-nji ýylda Türkmenistanda geň waka bolup, ýaragly bir adam polisiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň işgärini atyp öldüripdi.

Ýöne şonda-da, terrorçylyk Türkmenistan üçin geň zat.

Türkmenistan ýurdy çaknyşyklardan sowa saklamak üçin özüniň BMG tarapyndan ykrar edilen “bitaraplyk” statusyna bil baglaýar. Ýöne döwlete degişli bolmadyk ‘aktýorlaryň’ Owganystanda peýda bolup başlamagy bilen aşgabatly resmiler “bitaraplyk” galkanynyň mundan beýläk ozalkysy ýaly gorag galkany bolup bilmejekdigine göz ýetirip başladylar.

Bu makalanyň ýazylmagyna Azatlyk Radiosy, AÝ/AR-yň Owgan gullugyndan Kadyr Habyp, Mustafa Sarwar dagy goşant goşdy.

Makalada agzalanlar awtoryň şahsy pikiri bolup, ol Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG