Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň "YD-daky” çagalary


"YD" toparynyň çagyryş wideoşekilindäki çagajyk

2012-nji ýyldan bäri Ýewropadan 5 müň erkek adamyň, zenanyň we çaganyň "Yslam döwleti" (YD) ýaragly toparyna goşulandygy bellenýär. Olar ýa yslamçylar bilen egin-egine berip söweşýärler ýa-da halyfatda ýaşaýarlar.

"The New Ýork Times" gazetiniň ýazmagyna görä, indi şol adamlaryň yzyna dolanmagy bilen Ýewropanyň hökümetleri howpsuzlyga has köp üns berip başlapdyr. Olar şol bir wagtyň özünde zyýan çeken çagalaryň aladasyny edýärler.

Meselem, 2016-njy ýyldan owal ejesi bilen öýüne dolanan oglanjyk özüni birden garaşylmadyk ýagdaýda ýigrenmegi öwredilen ýerde oňaýsyz duýmaga başlaýar. Onsoň ol çagajyk ol ýerde hiç kime we hiç zada ynanman başlaýar. Ejesi bolsa kazyýetde kanuny jogapkärçilige çekilmäge başlanýar.

Jorj Waşington uniwersitetiniň Ekstremizm baradaky programmasynyň işgäri Daniel Koehler şeýle maşgala bilen işleşipdir we oglanjygyň başdan geçirenlerini hem makalanyň awtoryna hut özi gürrüň beripdir.

"Oňa hemme zat şeýle görünýärdi, göýä şeýtan ol adamlar bilen dil düwşüpdir. Şeýle çagalar hemişe lapykeçlikde, diýseň güýçli howsala astynda ýaşaýarlar. Olar çagalara şeýle terbiýe beripdirler, ýagny kapyrlary öldürmeseň, jähennem odunda ýanarsyň, özüňi hemişe jähennemde duýarsyň, ejeň hem jähenneme gider. Bu aslynda adamy ruhy taýdan hemişelik gynamakdyr" diýip, ol nygtaýar.

"YD" toparynyň eýelän ýerlerinde dünýä inenler bar

Koehler şol oglanjygyň Günbatar Ýewropada haýsy ýurtda ýaşaýandygyny aýan etmändir. 9 ýaşyndaky oglanjyk mekdebe baran ilkinji güni derrew beýleki çagalara hüjüm edipdir. Ondan soň Koehlerden çagajygyň gaýtadan mekdebe alynmagy üçin reintegrasiýa strategiýasyny taýýarlamak haýyş edilipdir.

Ýewropa Bileleşiginiň Radikallygy öwreniş ulgamynyň tälim merkeziniň ýolbaşçysy Omar Ramadanyň aýtmagyna görä, "YD" ýaragly toparynyň eýelän sebitlerinde dünýä inen ýüzlerçe ýewropaly çaga bar. Hökümetler ejesi bilen yzyna dolanan şeýle çagalaryň hasabatyny taýýarlapdyr.

Ýöne bu ýerde çynlakaý bir mesele bar, "YD" kontraseptleri gadagan edýär we zenanyň wezipesi diňe geljekde esger boljak çagalary dogurmakdyr. "YD" ýaragly toparynyň ele geçiren sebitlerinde doglan çagalaryň hiç hili raýatlygy bolmaýar. "YD" topary olara özüçe doglandygy barasynda şahadatnama berýär. Ýöne ony dünýädäki hiç bir ýurt ykrar etmeýär.

4 ýaşyndan başlap mekdebe gatnamaga başlan balajyklara "YD" ýaragly topary ganhorluk sapaklary berýär.

"Adalatly hasap" atly kitapda apelsin we alma suratlary bilen suratlandyrylan sahypada harby tanklar we enjamlara hem orun berlipdir" diýip, Londonda ýerleşýän Genri Jekson jemgyýetiniň başlygy, ylmy barlagçy Nikita Malik aýdýar.

"Ylaýta-da, oglan çagalaryň bilim tilsimi durşy bilen olary kynçylyga öwrenişdirmek maksadyny göz öňünde tutýar. Meselem, çagajyk aç-açanlykda amala aşyrylan adam öldürmek ýa-da adamy gamçylamak ýaly sahnalara tomaşa etdirilýär we oňa urlan gamçylary sanamagy tabşyrylýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Esasy problemalar

Gyzlar 9 ýaşyndaka olar üçin mekdep gutarýar we olar äre çykarylmaga taýýar hasaplanýarlar. Oglan çagajyklar hem edil şol ýaşda gaty berk harby tälime başlaýarlar we ondan entek has kiçikä çagyryş wideoşekillerine tomaşa etdirilýärler. Bir wideoşekilde 4 ýaşyndaky bir oglanjygyň bir adamy atýandygy görkezilýär.

Kürt-nemes psihology Ýan Kyzylhan Yrakdan baran kiçijik esgerlere we ýezidi azlykdan bolan oglanjyklara ruhy taýdan bejergi üçin seredýär.

"Esasy problemalaryň biri agressiýadyr. Ondan soň hem gije ukuda aýylganç basyrganmak, ukusyzlyk, ünsi jemläp bilmezlik, newrologiýa problemalarydyr" diýip, ol belleýär.

Dr. Kyzylhanyň pikrine görä, ol çagalara ruhy taýdan howpsuzlyk, durnuklylyk hem seljermeklik bejergileri hökmanydyr.

Ýöne meseläniň şeýle tarapy hem bar, ýagny hökümetleriň köpüsi şeýle çagalaryň howpsuzlygyny däl-de hut döwletiň howpsuzlygyndan ynjalyksyzlanýar. "YD" ýaragly toparynyň eýelän sebitlerinde bolup yzyna dolanan Fransiýanyň we Belgiýanyň raýatlary ol iki ýurtda hem terrorçylykly hüjümleri amala aşyrýarlar. Şonuň üçinem hökümetleriň esasy işi owal söweşiji bolanlary gözegçilik astynda tutmakdyr. Şonuň üçinem şeýle çagalara edil häzir o diýen üns berilmeýär.

Täze tilsim

Makalada aýdylşyna görä, "YD" ýaragly toparyndan gaçanlara ölüm ýa-da zamun alynmak howpy abanýar. Olar Türkiýä baryp ýetýänçä, söweşijileriň gözegçiligindäki sebitlerden gaçyp geçmeli bolýarlar. Haçan-da, öz ýurdunyň konsullygyna ýa-da ilçihanasyna baryp ýeten mahaly gerek bolan kömegi alyp bilýärler.

Ol ýerde bolsa Siriýa ýa-da Yrakda doglan çagajygyň raýatlygy ýa-da hakyky ene-atasynyň kimdigi tassyklanmaly bolýar. Muny adatça "DNK" barlagynyň üsti bilen amala aşyrýarlar. Çagalaryň köpüsiniň kakasy we ejesi tapawutly milletlerden bolýar. Bu hem ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrýar. Öz watanyna dolanan çagajygyň ene-atasyndan biri ýa-da şol bir wagtyň özünde ikisem azatlykdan mahrum edilip bilner. Şeýle ýagdaýda çaga kimiň hossarçylyk etmelidigi meselesi bar. Munuň üstesine çaganyň bilim ulgamyna goşulmagy hem hökmanydyr.

"YD" ýaragly topary Rakka we Mosulda öz güýjüni näçe köp ýitirse, şonça-da öz ýurduna dolananlaryň sanynyň köpeljekdigi çak edilýär we bularyň hemmesi Ýewropadaky şeýle çagalara täze tilsim tapylmagyny talap edýär.

"Mugallymlara we sosial işçilere bu ugurda ýörite tälim berilmeli. Mekdebe okuwa başlan mahaly çagajyga kimiň has gowy goltgy berip biljekdigi barasyndaky kadalar kesgitlenmelidir. Maşgala "şeýtan obrazyny" döretmegiň deregine, olaryň çagalarynyň gorag astyna alynmagy üçin, ýörite syýasat taýýarlanmalydyr" diýip, makalada nygtalýar.

Awtoruň ýazmagyna görä, şeýle çagalary ýekirmekden has howply zat bolup bilmez. Ýagdaýy barada gürrüň gozgalan 9 ýaşyndaky oglanjygy hem öz kakasy bagryna basypdyr. Bile okaýan ýoldaşlaryna hüjüm eden ol oglanjyk soň kakasy bilen bilelikde bejergi alyp, gowulaşypdyr.

Ondan soň olar bilelikde hut şol çagalaryň nähili oýnaýandygyna tomaşa edipdir, ýagny olary soň duşman däl-de, dost ýaly hasap edipdir. Bir ýyllyk bejergi gözegçiliginden soň, ol oglanjyk düýbünden başga bir çaga ýaly mekdebe gatnamaga başlapdyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG