Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazyýet Salwador Daliniň mazarynyň açylmagyna karar beripdir


Madridiň bir kazyýeti suratkeş Salwador Daliniň jesediniň jikme-jik barlagdan (DNK) geçirilmegi üçin, mazarynyň açylmagy barasynda karar çykarypdyr.

Kazyýete bu meselede Ispaniýanyň demirgazygynda ýaşaýan bir zenan ýüz tutupdyr. Ol zenan meşhur suratkeşiň gyzydygyny öňe sürýär.

Kazyýetiň 26-njy iýunda çykaran kararynda aýdylşyna görä, jikme-jik genetika ýa-da biologiýa barlag geçirilip bilinmegi üçin, Daliniň mazardaky galyndylarynyň çykarylmagy hökmanydyr.

Beýik suratkeşiň gyzydygyny öňe sürýän ispan zenan - Maria Pilar Abel ýurduň demirgazygyndaky Girona şäherinde ýaşaýar.

"Söýşüpdirler"

1956-njy ýylda doglan zenan Abeliň aýtmagyna görä, öz ejesi 1950-nji ýyllarda Daliniň maşgalasynda hyzmatkär bolup işläpdir we şonda meşhur suratkeş bilen söýşüpdir.

Şol döwürde Salwador Dali Ýelena Iwanowna Dýakonowa ýa-da Galýa öýlenen bolmaly. Ýöne olardan çaga bolmandyr.

Ispaniýanyň El Pais atly gazetiniň ýazmagyna görä, zenan Abel Daliniň öz kakasy höküminde ykrar edilmegi üçin, 2007-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

Dali 1989-njy ýylda 84 ýaşynda aradan çykypdy. Ol 20-nji asyryň iň beýik surrealist suratkeşleriniň biridir.

Suratkeş öz eserlerini Ispaniýa döwletine miras galdyrypdyr.

Şonuň üçinem Dali bilen "diňe murtunyň bolmany üçin tapawut edýändigini" öňe sürýän zenan Abeliň edýän dawasy hem hut Ispaniýa döwletine garşydyr.

XS
SM
MD
LG