Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pakistan Talybany” aýal-gyzlara niýetlenen žurnalyň üsti bilen jyhadçy edinjek bolýar


Pakistanly zenanlar
Pakistanly zenanlar

Pakistandaky belli bir jeňçi toparyň öz düzümine aýal söweşijileri çekmek üçin ulanyp başlan täze tilsimleri, aýal-gyzlary öz propagandalaryny ýaýratmakda ygjamlaşdyrýan “Yslam döwleti” (‘YD’) we beýleki ekstremist toparlaryň bu ugurdaky tagallalaryndan kem däle çalym edýär diýip, jeňçileriň strategiýalaryny ýakyndan öwrenýän synçylar aýdýarlar.

1-nji awgustda “Pakistan Talybany” diýlip tanalýan “Tehrik-e Talyban Pakistan (TTP)” topary özüniň aýal-gyzlara niýetlenen “Sunnate Haula”, başgaça aýdylanda “Haulanyň ýoly” diýlip atlandyrylan žurnalynyň ilkinji sanyny çapdan çykardy.

Pakistanly žurnalist Omar Waraiç: “Pakistan Talybany ozal täsir astynda galmadyk sowatly musulman zenanlary özüne çekmäge synanyşýar. ‘YD’ şol demografiýa örän täsirli gönügipdi”, diýdi.

“TTP” ozalam özüne täze agza çekmek üçin urdu we iňlis dillerinde eser çap edip ýaýradýardy, ýöne bu täze 45 sahypalyk neşir aýal-gyzlara niýetläp çap edýän ilkinji žurnalydyr.

Söweşiji topar bu žurnaly çykarmakdaky niýetlerini “musulman aýallara täsir edip, olary Yslamyň [mukaddes söweşijileriniň] hataryna goşmak” diýip düşündirýär.

“TTP” we “YD” zorlukly jyhady ündeýän beýleki radikal yslamçy toparlar ýaly, özlerine Pakistanyň çäginde we onuň daşynda täze agza çekmek we täsir güýjüne eýe bolmak üçin bäsleşikli göreşýärler. Olar öz göreşlerini käwagt çylşyrymly digital we internet strategiýalary arkaly hem alyp barýarlar.

“YD-yň”jeňçileri ýüzçlerçe musulman aýaly yryp, olary Siriýadaky we Yrakdaky sünni ekstimist toparyň hataryna çekdi. Olaryň tabşyryklary öý işleri bilen meşgul bolmak we çaga dogrup söweşijileriň täze neslini ýetişdirmekden ybarat. Aýallar söweş meýdanlarynda goragyň iň yzky hatarlarynda urşa-da gatnaşýarlar.

“Yslam döwleti” topary 2014-nji ýylda global halyfaty yglan edip, halkara derejesinde negatiw meşhurlyk gazanany bäri ele geçiren territoriýalarynda aýallary yzygiderli alyp gaçyp olary zorlaýarlar.

“Gözboýagçy torbalardaky” täze gural

Jeňçi yslam boýunça barlagçy Tor Hamming, “TTP” YD-yň” durmuşa çykmadyk gyzlary ýa-da jeň meýdanlarynda söweşýän erkekleriň maşgalalaryny özlerine çekýändigini gördi we muny bellige aldy.

Hamming “TTP-nyň” aýallar üçin niýetläp çap edýän žurnaly ekstremist toparlaryň arasynda häzirki trendiň dowam edýändigini görkezýär diýdi:

“Jyhadçy toparlar soňky birnäçe ýylyň dowamynda öz medialarynyň gerimini giňeltmäge we iki wajyp meselä, ýagny birnäçe dilde eser çap etmäge we aýallary hem öz içine alýan dürli gatlaklara gönükmäge ýykgyn edýärler.”

“TTP-nyň” täze neşiri Pakistanda aýallaryň nähili radikallaşdyrylýandyklaryny we olaryň jeňçi hatarlaryna nädip çekilýändiklerini aýdyňlaşdyrdy. Pakistan aşa konserwatiw we dinçi döwlet bolup, şu wagta çenli jeňçileriň mesgenine öwrülip geldi.

Pakistanly syýasy teswirçi Marwi Sirmed soňky ýyllarda ýurtda, hususan-da, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda aýal-gyzlary radikal toparlara çekmek pişesi ýygjamlaşdy. Ol, pakistanly ekstremist toparlar ilkibaşda aýal-gyzlary Facebook toparlary we Telegram kanallary arkaly özleriniň ýaýradýan propaganda kampaniýalaryna üstünlikli çekmegi başardy diýdi:

“Ýörite žurnal çap etmäge girişmek hem şeýle tendensiýanyň bir bölegi, bu soňlugy bilen has möwjediler. Ekstremist toparlara “ýumşak obýektlere” täsir edip bilmek üçin aýallardan düzülen aktiw işçi güýji gerek. Täze žurnal aýallary aktiw güýç hökmünde öz hatarlaryna çekmek üçin, olaryň äpet “gözboýagçy torbalaryndan” çykaran täze gurallaryndan biri bolsa gerek.”

Şeýle-de, Sirmed, aýal-gyzlaryň maşgaladaky tutýan orny sebäpli olar ekstremist toparlaryň ideologiýalaryny ýaýratmakda örän täsirli bolup bilerler. Şonuň üçinem ekstremistler aýal-gyzlary öz hatarlaryna çekjek bolýarlar.

Pakistanyň hökümetini agdarmaga çalyşýan “TTP” öz içindäki agzalalyk hem-de Pakistan armiýasynyň olara hüjüm edip, ol söweşijileriň ýurduň kanunsyz tire-taýpa regionlaryndan gysylyp çykarylmagyny gowşadýar. Şonuň üçinem synçylar agzalýan topar we olaryň muşdaklary täze agzalaryň gözleginde diýýärler.

Görer göze gowşaýan kuwwatyna garamazdan, toparyň agzalary henizem Pakistanda amala aşyrylan, Lahoryň bazarynda 26 adamyň ölümine getiren gandöküşikligi hem öz içine alýan heläkçilikli hüjümleriň jogapkärçiliklerini öz üstüne alýarlar. 2014-nji ýylda agzalýan jeňçiler topary ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän harby mekdebe hüjüm edip, aglabasy studentlerden bolan 140 adamy öldürdiler.

Zenan jeňçilere maslahat

“TTP-nyň” žurnalynda toparyň lideri Molla Fazlullahyň ady agzalmadyk aýalyndan alyndy diýilýän bir interwiýu goýlupdyr. Ol 14 ýaşynda durmuşa çykadygyny aýdýar.

Ol gürrüňdeşlikde, ady parsçadan terjime edilende “mukaddesligiň ýurdy” diýýän manyny berýän Pakistanda “Hudaýyň kanuny berjaý edilmeýär” diýip, öz nägileligini bildirýär. Şeýle-de,

ol çaga nikasyna garşy Pakistanyň soňky çykaran kanunyny tankyt edip, bu tejribäniň ýatyrylmagyny “jenaýat” atlandyrýar.

Žurnalda geljekki zenan söweşijilerine niýetlenen “maslahat burçy” hem bar.

Maslahat burçunda: “Öýüňizde gizlin duşuşyklary gurnap, oňa özüňiz ýaly pikir ýöredýän jyhadçy uýalary çagyryň! Jyhadyň buýruklaryny ündeýän eserleri ýaýradyň! Uýalara bedenterbiýe sapaklaryny geçiriň! Ýönekeý ýaraglara nädip erk etmelidigini öwreniň! Granatdan peýdalanmagy öwreniň!” diýilýär.

Žurnalyň ‘pakistanly aýal lukman ýazdy’ diýilýän “Meniň nadanlykdan danalyga syýahatym” atly burçunda awtor özüniň Günbatar biliminden dänip, radikal yslamy özleşdirişi barada gürrüň berýär.

XS
SM
MD
LG