Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňewler güýçlenýär, Tramp saýlawlarda gazanylan ýeňşe Orsýet kömek etmedi diýýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-yň media maglumatlarynda Orsýetiň saýlawlara gatyşdy diýilmegini derňemek üçin Adalat departamentiniň grand žuri, ýagny uly žurini işe çagyrandygy habar berilýär, Tramp bolsa özüniň saýlawlarda gazanan ýeňşine Orsýet kömek etmedi diýýär.

3-nji awgustda Tramp Günbatar Wirginiýada ýygnanan özüniň goldawçylarynyň öňünde eden çykyşynda: “Köpler biziň kampaniýamyza orsuň gatnaşmandygyny bilýär. Biz Orsýet sebäpli ýeňiş gazanmadyk. Biz siz sebäpli ýeňiş gazandyk” diýip, ol şowhunly tarapdarlaryna ýüzlendi.

Respublikan Tramp demokratlary özleriniňkini gögertjek bolmakda aýyplady.

“The Wall Street Journal” we beýleki media serişdeleri Adalat departamentinden ýörite prokuror Robert Mýulleryň Trampyň kampaniýasynyň Moskwa bilen dildüwşükli gizlin hyzmatdaşlyk edip-etmändigini derňemek üçin, Waşingtonda grand žuriniň sanawyny düzendigini habar berdi.

Tramp Orsýetiň özüniň saýlanmagyna kömek etdi diýilmegi bu “biziň hemmämiz üçin, esasanam biziň ýurdumyz üçin, Konstitusiýamyz üçin kemsidiji masgaraçylyk” diýdi.

Tramp we Ak tamyň beýleki resmileri grand žuriniň düzülmegi Orsýet bilen bagly derňewleri tijär diýip umytlanýandyklaryny aýdýarlar.

Tramp: “(Bu derňew boýunça) soňky tagallalar akýürekli tagallalardyr diýip umyt edýärin. Noýabr aýynda bize beýik ýeňşi peşgeş beren millionlarça adamlar, has oňat gelejegi arzuw edýän amerikan halky ak ýürekli tagallalalara mynasyp” diýdi.

Uly žuriniň düzülmegi derňewleri çaltlandyryp, FBI-yň ozalky direktory Mýulleriň suda çakylyk resminamalaryny düzmegine we kasam içilen şaýatnamalary almagyna ýol açar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, žuriniň düzülmegi jenaýat aýyplamalaryna hem ýol açyp biler.

Trampyň aklawçylary grand žuriniň işe girişmeginden Trampyň howatyrlanmagyna hiç hili esas ýok, sebäbi prezidentiň derňelýändigi barada hiç hili alamat ýok diýýärler.

Ak tamyň metbugat wekili Sara Sanders: “FBI-niň ozalky direktory Jeýms Komiý prezident derňew astynda däl diýip üç gezek aýtdy. Şol ýagdaý üýtgändir diýen düşünjä eýermäge bizde hiç hili esas ýok” diýdi.

“Reuters” habar agentligi uly žuriniň 2016-njy ýylyň iýun aýynda orslar bilen Trampyň ogly kiçi Donaldyň, giýewi Jared Kuşneriň we kampaniýanyň ozalky baştutany Pol Manafortyň arasynda geçirilen ýygnak bilen gatnaşykda suda çakylyk resminamalaryny çykarandygyny habar berdi.

Agzalýan ýygnakdan ozal Donald Tramp kiçä orslar Trampyň demokrat garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetirjek maglumatlary wada beripdirler.

Bu aralykda, “CNN” derňewler potensial ykdysady jenaýatlara gönükdirilýär diýip habar berdi.

Grand žuri derňew boýunça jenaýat işiniň gozgalmalydygy ýa-da däldigi dogrusynda kesgitleýji rol oýnap, ol gizlinlikde iş alyp barýar. Uly žuri adaty raýatlardan düzülýär.

Ekspertler grand žuriniň düzülmegi diýmek jenaýat aýyplamalarynyň ýöňkeljekdigini ýa-da umuman jenaýat işiniň gozgaljakdygyny aňlatmaýar diýýärler.

Trampyň ýörite geňeşçisi Taý Kob Mýulleriň täze žuri bilen işleşip başlandygyndan bihabardygyny aýtdy.

Kob: “Uly žuri gizlinlikde işe alyp barýar. Derňewiň adalatly we gyssagly netijelenmegine kömek etjek islendik zady Ak tam goldaýar. Ak tam Jenap Mýuller bilen doly hyzmatdaşlyk etmäge ygrarly galar” diýdi.

Mýuller Adalat departamenti tarapyndan 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara Orsýetiň gatyşdy diýilmegini derňemek üçin we Trampyň kampaniýasy ýa-da Trampyň geçiş topary bilen orslaryň arasyndaky ahmal gatnaşyklary derňemek işine bellenipdi. Şeýle-de, ol adalata döredilen potensial päsgelçiligi hem derňeýär.

Orsýetiň saýlawlara gatyşdy diýilmegi boýunça Kongresiň binýadynda aýrybaşga düzümler derňew işini alyp barýarlar.

Wajyp subutnamalara garamazdan, Moskwa öz gatyşygyny gaýta-gaýta ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG