Sepleriň elýeterliligi

Kabulda 16 müň tonna partlaýjy ýüklenen maşyn saklandy


Kabul, owgan howpsuzlyk güýçleri

Owganystanyň aňtaw resmileri 6-njy awgustda özleriniň Kabulda towuk iými ýazgyly gapyrjaklarda gizlenen 16 müň tonna partlaýjy ýüklenen ýük maşynyny saklandyklaryny aýtdylar.

Milli howpsuzlyk müdirliginiň beýanatynda bu ýük maşynynyň Pakistan nomeriniň (ygtyýarlyk belgisiniň) bolandygy we 5 adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

"Bu maşyn bomba ýasamak üçin partlaýydan, janyndan geçeniň guşaklaryndan we Kabulda terrorçylyk etmek baradaky gollanmalardan ýüklenipdir” diýip, beýanatda partlaýjylaryň 16,500 kg bolandygy aýdylýar.

31-nji maýda äpet ýük maşyn bombasy irden, adamlaryň işe barýan wagty owgan paýtagtynyň diplomatik kwartalyny gana çaýkap, 150 töweregi adamy öldürdi, 400 adamy ýaralady. Olaryň aglaba köplügi asuda adamlardy.

XS
SM
MD
LG