Eýranyň ýarym resmi “Mehr” habar gullugy bir esgeriň harby-howa bazasynda öz kärdeşlerine ot açyp, olaryň on sanysyny ýaralandygyny habar berýär.
6-njy awgustdaky habarda hüjümiň sebäbi aýdylmaýar. Döwlet eýeçiligindäki media “Mehr” habar gullugynyň Kahrizakda, Tähranyň günorta eteklerinde boldy diýýän hadysasy barada bada-bat habar bermedi.
Bu Eýrandan çykýan atyşyk habarlarynyň soňkusy bolup durýar. Iýul aýynda bir esger öz gullukdaşlaryny oka tutup, olaryň 3 sanysyny öldürdi, 6-syny ýaralady.
Bu waka Abýek şäherinde, Tährandan 100 km uzaklykda boldy. Soň ol esger özüni atypdyr, emma aman galyp, hassahana ýerleşdirilipdir.
Sentýabrda bolsa bir esger ýurduň günortasynda öz ýoldaşlarynyň üçüsini atyp öldürip, soň özüni öldürdi.
Eýranda 19 ýaşan we ondan ýokardaky ýaşly erkekleriň 24 aý goşunda harby gulluk etmegi hökmany bolup durýar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?