ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Moskwanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagynyň iki ýurduň arasynda “çynlakaý ynamsyzlygy” döredýändigi hakynda orsýetli kärdeşine aýdandygyny habar berdi.
Tillerson 2-nji awgustda Manilada regional forumyň çäginde eden bu çykyşynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygynda saýlawlara goşulyşmagyň “çylşyrymly hadysa” bolandygyny belländigini aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Lawrowa öz hökümetiniň Kremliň Moskwadaky amerikan diplomatik missiýasyny çäklendirmek baradaky kararyna jogap bermek kararyna gelendigi barada duýdurandygyny aýtdy.
Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak barada eden talabyny Waşingtonyň sanksiýalary girizmek hakynda täze kanuny kabul etmegine jogap hökmünde yglan etdi.
Şol bir wagtda-da Tillerson ABŞ-nyň Orsýet bilen işleşmäge isleg bildirýändigini we bu meseleleriň esasynda ähli gatnaşyklary kesmegiň “peýdaly däldigini” aýtdy.