Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda tentli maşynlar köçede "görünmeli däl"


Aşgabadyň köçesindäki tentli ýük ulagy.

Paýtagtyň köçelerinde üsti tent bilen örtülen maşynlardan, tentleriň aýrylmagyny talap edip başladylar.

Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tentli awtoulaglaryň sürüjilerini saklap, olardan tenti aýyrmagy talap edenlerinde, onyň sebäplerini şeýle düşündirýärler.

“Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligne baryp, rugsat hatyny alsaň, soňra awtoulagyňy tentli sürüp bilersiň. Rugsat hatyň bolmasa, tentli awtoulag bilen köçä çykmak gadagan”.

Aşgabatly ýaşaýjy, bu çäklendirme zerarly eýýäm jerime çeken Meretdurdy şeýle rugsady almak üçin, Awtomobil ulaglary ministrligne barandygyny, emma ol ýerde öz meselesiniň çözülmändigini aýdýar.

Oňa: “Häzirlikçe şeýle rugsat berilmeýär” diýip, sowuk jogap beripdirler. Ol tanyş-bilşiň üsti bilen bu meseläni çözmekçi bolanda, munuň bahasynyň tanyşlyk bilen 1500 manat boljagyny aýdylypdyr.

Şeýle serişdäni agyr gören sürüji häzirlikçe şol rugsady alman işlemegi makul bilipdir. Zerurlyk bolup, öz maşynyny tentli süren halatynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan ikinji gezek saklanyp, jerime salynandygyny aýdýar.

Tentli maşyn sürýänligiň barada yrs arap saklasalar-da, jerime tölemeli bolanyňda, ulagyňdan başga kemçilikleri tapyp, jerimäni şoňa ýazýandyklaryny ol anyklapdyr.

“Tentini aýyrmandyr diýip, aktda görkezilmeýär, maşyndan başga bir bahana tapyp, şonuň üçin jerime ýazýarlar” diýip, ol sürüji aýdýar.

Şeýle jerimäniň möçberi birinji gezek 100 manat, ikinji gezek 200 manat, üçünji gezek ele düşseň sürüjilik şahadatnamaň eliňden alnyp, täzeden synaga ugradylýar” diýip, ol aýdýar.

Soňky bir aýyň dowamynda awtoulag sürüjilere dürli bahanalar bilen çäklendirmeler girizlip, olary uly möçberlerde jerime tölemäge mejbur edilýändigine ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Bir ýerde sähel salym awtoulagyňy gözegçiliksiz goýsaňam döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri bir ýerden çykýarlar-da, seniň bar-ýokdugyna seretmezden, awtoulagyň yzky ýa öňündäki belgisini goparyp aljaklar. Jübiň galyňrak bolmasa, ol belgini gaýtaryp almak başartmaýar. Ýas ýerlerinde, dünýäden gaýdan bendeleriň anna agşamlaryna gatnaşmaga baranyňda-da ulagyňa berk bolmaly. Arada bir tanşymyň öz ýakynlaryndan biriniň anna agşamyna maşgalasy bilen baranda, ýas ýerinden çykýança, awtoulagynyň belgisini alyp gidipdirler” diýip, ýaşy gaýdyşan maşyn eýesi zeýrenýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýokarda aýdylan tentli maşynlara garşy girizilen gadagançylyk we onuň sebäpleri barada Türkmenistanyň mediasynda hiç hili maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrliginden hem bu barada kommentariý almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG