Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy žurnalistiň Özbegistana deportasiýasyny togtatdy


Žurnalist Ali Feruz
Žurnalist Ali Feruz

Orsýetiň şikaýatlar boýunça sudy žurnalist Ali Feruzyň Özbegistana deportasiýa edilmek prosesini togtatdy. Hukuk goraýjy toparlar žurnalistiň Özbegistana tabşyrylan ýagdaýynda häkimiýetleriň elinde oňa tussaglyk, gynamalar ýa-da ölüm howpunyň abanýandygyny aýdyp howatyrlanýarlar.

Moskwanyň sudunyň 8-nji awgustda çykaran kararyna görä, “Nowaýa gazeta” atly garaşsyz neşiriň habarçysy Feruz Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy (ECHR) onuň şikaýatyna garaýança deportasiýa edilip bilinmeýär.

Ali Feruzyň hakyky ady Hudoberdi Nurmatow bolup, onuň immigrasion kanuny bozandygy öňe sürüldi we munuň esasynda 1-nji awgust güni Moskwanyň ygtyýary çäklendirlen sudy žurnalistiň deport edilmegini kararlaşdyrdy. Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy (ECHR) 4-nji awgustda karar çykaryp, onuň Özbegistana tabşyrylmagynyň öňüni baglady.

Feruz özüniň pena sorap ýüz tutan arzasy boýunça karar çykýança, Orsýetde galmaga hukuklydygyny aýdýar.

Orsýetde doglan Feruzyň ejesi we iki dogany Orsýetiň raýaty bolup, Feruzyň özi 17 ýaşynda Russiýany terk edýär we Özbegistanyň raýatlygyna geçýär. Ol 2008-nji ýylda iki günläp özbek howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gynalypdyr we munuň netijesinde Feruz agzalýan Merkezi Aziýa ýurdundan gaçyp çykdy.

Moskwanyň şäher sudunyň karary esasynda Feruzyň işi netijelenýänçä, ol daşary ýurtlularyň saklanýan merkezinde galmaly bolýar.

Mundan ozal Feruz gürrüňi gidýän merkeze geçirlende, özüniň urlup ýenjilendigini we toga tutulandygyny aýtdy.

Köp sanly orsýetli we halkara guramalary, şol sanda Ýewropa geňeşi (Council of Europe), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Amnesty International, Serhetsiz Reportýorlar, Russiýanyň žurnalistler bileleşigi, rus prezidentiniň ýanyndaky adam hukuklary boýunça maslahat beriji geňeş we beýlekiler Feruzy goldap beýanat çap etdiler.

Change.org websaýtynda Feruzy goldap ýaýradylan arza takmynan 60 müň töweregi adam gol goýdy.

Onuň deportasiýa edilmegi Orsýetiň ýiti tankyt edilmegine we prezident Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygyndaky Özbegistanyň özüni alyp barşynyň synalmagyna ýol açyp biler. Uzak möhletli awtokrat prezident Yslam Karimowyň ölendigi sentýabr aýynda mälim edilensoň hökümet başyna geçen Mirziýoýew ‘demir penjäni’ gowşatmak ugrunda käbir çäreleri gördi.

Human Right Watch guramasynyň 2-nji awgustda ýaýradan beýanatynda “Mirziýoýew reforma geçirmegi wada berdi, ýöne ýurtdaky adam gynamalary, syýasy matlaply tussaglyk ýaly problemalar indi çözülmeli” diýildi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu hukuk goraýjy gurama: “Gynamalara garşy konwensiýa, şeýle-de Adam hukuklary boýunça Ýewropa konwensiýasyna gol goýan tarap hökmünde, Orsýetiň borçnamalary, Orsýetde deslapky tussaghanada saklanýan adam özüne jezalandyrylmak, gynalmak howpunyň abanýan ýa-da beýleki hukuk kemsitmelerine duçar ediljek ýerine zor bilen ugradylmaly däldigine kepil geçmegi hem öz içine alýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG