Sepleriň elýeterliligi

Çagalaryň suratlaryny "Facebookda” goýmazdan owal nämäni pikir etmeli?


Britaniýada Çagalaryň gynalmagyna garşy milli göreş jemgyýeti (National Society for the Prevention of Cruelty to Children – NSPCC) atly haýyr-sahawat guramasy ene-atalara öz çagalarynyň suratlaryny sosial mediada ýaýratmazlyk babatda çagyryş edýär.

The Independent gazetiň ýazmagyna görä, geçirilýän yzygiderli hasabatlar her bäş ene-atadan biriniň bir aýyň dowamynda öz çagalarynyň suratlaryny azyndan bir gezek sosial mediada ýaýradýandygyny görkezýär.

Jemgyýetiň metbugat geňeşçisi çagalaryň gaty kiçi ýaşda köpçülige tanadylmagynyň olar üçin hakykat ýüzünde uly howp döredip biljekdigini öňe sürýär.

Jemgyýetiň metbugat geňeşçisi "BBC" beren maglumatynda, ene-atalaryň öz çagalarynyň suratlaryny "Facebook" sosial ulgamynda ýaýratmazdan owal çuňňur oýlanmalydygyny nygtap: "Çagalar ulalan mahaly mundan nä derejede hoşal bolarlar? Eger bu sowalyň jogabyny anyk bilmeýän bolsaňyz, onda olaryň suratlaryny internetde ýaýratmaň" diýýär.

"YouGov" atly jemgyýetiň garaýşyny öwrenýän gullugyň 1000 adamyň arasynda geçiren pikir soralyşygynda, gatnaşyjylaryň ýarsyndan köpüsi öz çagalarynyň suratlaryny sosial ulgamlarda ýaýratmazlyga çalyşýandygyny mälim edipdir.

Pikirini beýan edenleriň ýüzden 87 göterimi çagalaryň şahsy durmuşynyň gizlinlikde saklanmalydygyny nygtapdyr. Olaryň ýüzden 38 göterimi hem, çagalaryň öz suratlaryny hut ene-atalarynyň sosial media sahypalarynda görmek islemejekdigini belläpdir.

"Mumsnet" atly internet portalynyň gurjusy Justine Roberts "The Telegraph" gazetine beren maglumatynda, öz çagalarynyň suratlaryny ýaýratmakdan gaça durýandygyny aýdypdyr.

"Meselem, meniň "Facebook" sosial ulgamynda sahypam ýok. Emma howpsuzlyk çäreleriniň nä derejededigini doly anyk bilmeýän bolsamam, "Facebook" sosial ulgamy siziň suratlaryňyzy doly gorag astynda tutmaýar" diýip, Roberts belleýär.

Hünärmeniň pikrine görä, çaganyň adaty suratyny internete goýmagyň o diýen zyýany hem ýokdur. Emma çaganyň ýalaňaç suwa düşýän mahaly düşürilen suratyny oňlap bolmaz.

Hasabatlara aýan edilişine görä, öz çagalarynyň suratlaryny sosial ulgamlarda ýaýradýanlaryň ýüzden 80 göterimi ol suratlaryň diňe öz dostlarynyň arasynda görülmegini isleýär.

Muňa garamazdan, ene-atalaryň ýüzden 52 göterimi bolsa, öz çagalarynyň suratlaryny we wideoşekillerini sosial mediada ýaýratmagyndan, olaryň ulalan mahaly örän hoşallyk duýjagyny öňe sürýär.

Ene-atalaryň diňe ýüzden 15 göterimi "Çaga ulalanda näme diýer?" diýen sowala olaryň ynjalyksyz boljagyny bildiripdir.

Jemgyýetiň taýýarlan hasabatynda, pikir soralyşyga gatnaşanlar öz çagalarynyň suratyny "Facebook" sosial ulgamynda ýaýratmak üçin, ortaça hasap bilen iň azyndan 6 gezek surata düşürýändigini mälim edipdir.

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýarysy ol suratlary soň ýörite kebşirleýändigini boýun alypdyr.

Bu bolsa, adamlaryň ýüzden 74 göteriminiň öz suratlaryny sosial mediada ýaýratmazdan owal ýörite kebşirleýändigini görkezýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG