Sepleriň elýeterliligi

Türkmen žurnalistleri ilkinji gezek prezidente 'sorag berdiler'


Türkmen telewideniýesinden alnan surat

“Hronika Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň ýygnagynda, türkmen žurnalistleriniň ilkinji gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sorag bermegine mümkinçilik berlendigini habar berýär.

Türkmen lideriniň Azerbaýjana eden saparynyň jemlerine we V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çärelere bagyşlanan bu duşuşyk 9-njy awgustda Aşgabadyň halkara aeroportynda geçirildi.

10-njy awgustda “Hronika Türkmenistan” neşiri “bu duşuşykdaky ýerli žurnalistleriň Berdimuhamedowa sorag bermegine rugsat berilmegi adaty bolmadyk ýagdaý boldy” diýip ýazýar.

“Has takyklaşdyrmaly bolsa, [prezidente] iki sorag berildi. Bular ýaly zat öň bolmandy” diýip, neşir belleýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň türkmen prezidentine iki sorag bilen ýüzlenendigi aýdylýar. Emma habarda Türkmenistanyň haýsy neşirleriniň işgärleriniň bu sowallary berendigi, žurnalistleriň şahsyýeti barada köpçülige hiç bir maglumat berilmeýär.

Habarda prezidente berlen ilkinji soragyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

“Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolýar. Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 40 göterim ýokary boldy” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.

Aýdylmagyna görä, ikinji sorag ýurtda her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň gününiň bu aýyň üçünji ýekşenbesine, ýagny 17-nji awgusta geçirilmeginiň sebäpleri bilen baglanyşykly bolup, bu soraga türkmen prezidenti: “Türkmen gawunynyň gününiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli beýleki çäreler we seneler bilen utgaşdyrylmagy abadançylygyň alamaty hökmünde olaryň ähmiýetini artdyrar” diýip, jogap beripdir.

Ýatlap geçsek, şu aýyň başynda, has takygy 4-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda, türkmen lideri ýurduň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş ulgamyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýerine “garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine talabalaýyk ýolbaşçylyk etmeýändigi üçin” berk käýinç yglan edipdi.

Türkmen žurnalistleriniň Berdimuhamedowa sowal bermegi bilen baglanyşykly wakanyň wise-premýer Annageldi Garajaýewe berk käýinç berilmegi bilen näderejede baglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak başartmady. Emma ýerli žurnalistleriň ýurt baştutanyna sorag berendigi barada resmi mediada ilkinji gezek diýen ýaly habar berildi.

Türkmenistan halkara guramalarynyň metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda, ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, soňdaky orunlarda ýerleşdirilýär.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça şu ýylyň aprel aýynda ýaýradan ýyllyk hasabatynda, Türkmenistan 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirildi. Bu gurama özüniň 2016-njy ýylda ýaýradan hasabatynda prezident Berdimuhamedowy “internetiň duşmany” diýip yglan edipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG