Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilmeli çäreleriň ençemesi taýýarlandy


Aşgabatda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň biri
Aşgabatda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň biri

Türkmenistanyň resmi mediasynda Aziýa oýunlary mynasybetli ýurtda geçirilmeli çäreleriň ençemesiniň taýýarlanylandygy habar berilýär.

10-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş ulgamyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýeriň Annageldi Garajaýewiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe guralmagy meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, dabaralar we olaryň medeni maksatnamasy barada çykyş edendigi aýdylýar.

Şeýle-de, ol bu çäreleriň “türkmen halkynyň gadymy baý taryhyny, medeniýetini, ýurduň gazanýan üstünliklerini we milli sportuň ýeten derejesini wagyz etmäge ýardam etjekdigini” belleýär.

“Hormatly prezidentimiz öňümizdäki dabaralaryň diňe bir halkymyzyň köp asyrlyk döredijilik we ruhy tejribesini, özboluşly milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, ýeten belent derejelerini beýan etmelidigine ünsi çekdi” diýip, resmi metbugatda türkmen lideriniň Garajaýewiň hasabatyna beren jogaby getirilýär.

Emma türkmen häkimiýetleri ýa-da mediasy tarapyndan bu sport çäreleriniň döwlet býujetine näçä düşýändigi, olaryň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny aljakdygy aýdylmaýar. Şeýle-de, işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da mesele gozgalmaýar.

Ýatladyp geçsek, soňky döwürde Türkmenistan şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň gerimini has-da güýçlendirip, bu çäräniň başlanmagyna 100 we 50 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar gurnaldy.

Şeýle-de, türkmen mediasy Türkmenistanda 17-nji awgustda Aziadanyň başlanmagyna 30 gün galmagynyň baýram ediljekdigini we şonda nobatdaky awtoulagsyz geçirmegiň planlaşdyrylýandygyny habar berdi. G. Berdimuhamedow tarapyndan “ekologiýa çäresi” diýlip atlandyrylan bu dabaranyň ýurduň ilatynyň köp sanly raýatynyň haýyşlary esasynda geçirilýändigi mälim edildi.

Mundanam başga, maý aýynyň ahyrynda geçirilen hökümet maslahatynda, ýurtda tomsuň jokrama yssy günleri, ýagny iýun-awgust aýlary aralygynda geçiriljek dabaraly çäreler barada habar berildi. Şonda üç aýyň dowamynda tutuş ýurtda ýüzlerçe çäräniň geçiriljekdigi aýdyldy.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan käbir aşgabatly mugallymlar özleriniň agzalýan çärelere tomusky zähmet dynç alşynda hem gatnaşmaga borçly edilendiklerini, käbir okuwçylaryň we studentleriň bolsa, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda gutardyş ekzamenlerine däl-de, Aziýa oýunlary mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga borçly edilendigi habar berdiler.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly çärelere gatnaşýan mugallymlaryň, studentleriň we beýleki býujet işgärleriniň arasynda munuň özlerine ýetirýän täsirleri barada dürli garaýyşlar bar.

“Şu çärelere gatnaşýanlaryň sözi bilen aýdanymyzda, bulary iki topara bölmek gerek. Olaryň arasynda şeýle şowhuna gatnaşýandygyna ýa-da gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigine aşa buýsanýanlaram bar. Bular esasan ýaşlar babatynda. Ýöne ýaşuly nesliň wekilleri welin, özleriniň yssy howada şu işlere çekilmegini kyn görýärler. Olar esasanam yssy howada hereket etmegiň, nijeme sagatlap türgenleşige gatnaşmagyň özlerine aňsat düşmeýändigini aýdýarlar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna 62 ýurtdan, 5 müňden köp türgeniň we dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli döwlet resmileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG