Sepleriň elýeterliligi

Satuwa çykarylan okuw esbaplarynyň hyrydary az


Satuwa çykarylan okuw esbaplary

Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda okuw esbaplary satuwa çykaryldy.

Mekdeplerde okuwlaryň başlanmagyna az wagt galandygyna seretmezden, bu ýylky okuw esbaplarynyň söwdasynyň gyzgalaňly däldigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Munuň sebäplerini ýaşaýjylar ilatyň elinde nagt puluň ýoklugy, aýlyk-günlükleriň wagtynda berilmeýändigi bilen düşündirýärler.

Aşgabatly ýaşaýjy, köp çagaly ene Sonagülüň sözüne görä, bazarlarda satuwa çykarylan okuw esbaplarynyňam, mekdep üçin egin-eşikleriňem bahalary geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, tas iki essä golaý ýokarlanypdyr.

Birinji klasa okuwa gitmeli gyzjagazy üçin gerek bolan ak fartugy ol 20 manada satyn alandygyny, geçen ýyl şeýle fartuklaryň bahasynyň 10 manat bolandygyny Sonagül sözüne goşýar.

Geçen ýyl 20-30 teňňe bolan okuwçy depderleri bu ýyl 50 teňňä; 70 teňe bolan ruçkalaryň 1 manada, 12 sany dürlügalamyň bir gabynyň geçen ýyl 6 manat 50 teňňe bolup, bu ýyl 9 manada galdyrylandygyny, 38 listden ybarat depderler geçen ýyl 7 manat bolsa, bu ýyl ony 10 manadan satyn alandygyny aýdýar. Beýleki bir aşa möhüm bolmadyk, ýöne okuwçylara gerek bolan surat çotkasynyň ýene bir manat gymmatlap, indi 3 manada, penalyň 10 manatdan 15 manada çykandygyny, 2 manatlyk lineýka tagtajygynyň 3 manada, 3 manatlyk gaýçynyň 5 manada, 12 reňkden ybarat flamasteriň bir gabynyň 8 manatdan, 13 manada ýetendigini çagalary mekdebe gitmeli ene-atalar aýdýarlar.

“Iň zerur zatlarmyzy az-owlakdan aldyk. Geçen ýyl 20-30 manat aralygynda bolan iň arzan okuwçy sumkalarynyň bu ýyl iň arzany 50 manatdan başlanýar, olaryň hili has gowularynyň bahasy 100 manatdan, 200 manat aralygynda” diýip, Sonagül aýdýar.

“Uly çagalarymdan geçen ýyldan galan sumkalary tikip-çatyp, okuwa gitmeli kiçi çagalaryma taýýarlamaly boldym. Çagalaryma egin-eşik alyp bilsem razy. Okuwçylaryň ak köýnekleri 70-75 manat aralygynda, jalbarlar 70-80 manat, kostýum-jalbarlar 180-200 manat aralygynda, gyzlara tikmek üçin gök ýa ýaşyl köýneklik matalaryň bir geýimligini 50-60 manat bahalaýarlar. Şeýle bahalar bilen 4 çagany täze okuw ýylyna taýýarlamaly bolýan” diýip, Sonagül gürrüň berýär.

Ata-eneleriň aýtmagyna görä, bazarlarda häzirki bahalar bilen bir okuwçyny täzeden geýindirip, gerekli okuw esbaplaryny alyp berip, mekdebe ugratmak üçin, ortaça 500 manat gerek. Aýlyklar bolsa ortaça 700 manat, munuň özi 2-3 çagasy bolan ene-atalara agyr kynçylyk döredýändigini aýdýarlar.

“Biziň halkymyz bolsa, adatça, köp çagaly millet saýylýar. Soňky ýyllarda çaga üçin kömek pullarynyň berlip başlamagy bilen, eneleriň ýagşy umytlarda 4-5 çaga dogurýany köp boldy. Häzirki ýagdaýda çaga berilýän ýardam pullary ujypsyz bolup galdy. Men 4-5 çagany okuwa iberjek ene-atalaryň nähili kynçylygy başdan geçirjegini aýdyp bilemok” diýip, Sonagül aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG