Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ymam-mollalaryň sakgaly ölçeler


Täjigistanly ymam-mollalar
Täjigistanly ymam-mollalar

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda ýerli ymam-mollalar üçin sakgal kadasy ýola goýlupdyr. Etrap dolandyrylşygy, ymam-mollalaryň diňe 3 santimetre çenli sakgal ösdürmegini maslahat berýär.

Muny etrabyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Salohiddin Rajabzoda žurnalistler bilen geçiren gürrüňdeşliginde aýdypdyr. Resminiň sözüne görä, "üç santimetrlik sakgal" aslynda täjikleriň medeniýetine we dinine kybapdaş gelýändir.

265 ymam-molla

Dusti etrabynyň merkezi metjidiniň ymamy Nasrullo Faýzulloýew hökümetiň bu çagyryşyna hemmelerden owal jogap beripdir. Ol Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna beren maglumatynda, hanafy mezhebine uýýanlaryň sakgalynyň bir tutamdan uzyn bolmaly däldigini bildiriňdir. Täjigistanyň ulamalar geňeşi hem 2012-nji ýylyň noýabr aýynda şeýle sakgal kadasyny güýje girizipdi. Şonda Täjigistanyň yslam merkezi (Ulamalar geňeşi bu merkeziň ýanynda iş alyp barýar) bu kadany Täjigistanyň dini işler komitetiniň haýyşy esasynda doly kabul edipdir.

"Ynha, meniň sakgalym Ulamalar geňeşiniň kadasyna doly gabat gelýär. Ýöne etrabyň hökümet dolanşygy sakgaly gyrkmagy haýyş etdi we mundan beýläk sakgalyň uzynlygy 3 santimetrden geçmeli däl edildi" diýip, ol ymam gürrüň berýär.

Ýatlap geçsek, Täjigistanda 2014-nji ýyldan bäri juma metjitleriniň ymamdyr mollalary hem edil döwlet gullukçysy ýaly aýlyk alýarlar. Ýurtdaky şeýle ymam-mollalaryň umumy sany 265 müňdür. Beýleki dini işgärlere ondan daşaryn haýsam bolsa bir pul kömeginiň berilmegi göz öňünde tutulmaýar.

3 santimetr uzynlykda sakgal

Baryp 2009-njy ýylda Täjigistanda mugallymçylyk edýänler üçin, sakgal kadasy ýola goýlupdy. Şonda diňe ýaşy 50-den aşan mugallymlaryň sakgal goýbermegine rugsat berlipdir. Olaryň goýberen sakgaly hem 3 santimetrden geçmeli däl ekeni.

Mundan iki ýyl owal bolsa Täjigistanda sakgala garşy ýörite kampaniýa başlandy. Şonda tutuş ýurtda polis işgärleri ýüz müňlerçe sakgally adamy saklapdy. Polisler olaryň şahsyýetini doly anyklaşdyrandan we hatda barmaklarynyň yzlaryny deňeşdirip görenden soň, zor bilen sakgallaryny gyrkypdy. Olardan käbirine sakgalyny meýletin gyrmadyk halatynda 150 somony (häzirli walýuta nyrhy bilen 17 dollar) jerime salynjakdygy duýduryş berlipdi. Hatlon welaýatynda ýerli hökümet 13 müňden gowrak adamyň sakgalyny zor bilen gyrkypdy.

Täjigistanyň içeri işler ministrligi agzalýan kampaniýalaryň ählisini inkär edipdir. Ministrlikden şeýle görkezmäniň berilmändigi öňe sürlüpdir. 2015-nji ýylyň aprel aýynda içeri işler ministrligi iki polis işgäriniň raýatlaryň sakgalyny zor bilen gyrkandygy üçin, jezalandyrylandygyny aýan edipdi.

Iki niýet

Bilermenleriň pikrine görä, Täjigistanyň hökümetiniň sakgal goýberýänlere garşy görýän şeýle çäreleri, jemgyýetiň radikallaşmagyna garşy göreş we dünýewi dolandyryşy goramak niýeti bilen baglanşyklydyr.

Täjigistanyň hökümeti jemgyýetde ekstremizmiň möwjemeginden, ýaşlaryň ekstremist toparlara goşulmagyndan we terrorçylyk wehiminiň artmagyndan ynjalyksyzlanýar. Bu şol bir wagtyň özünde terrorçylyk wehimi we ýurduň gündogar serhedinde köp ýurtlarda gadagan edilen "Yslam döwleti" atly terrorçylykly toparyň söweşijileriniň peýda bolmagy bilen gönümel arabaglanyşyklydyr.

Bularyň fonunda hukukçylar adamlaryň sakgalynyň zor bilen gyrkylmagyny raýatlaryň azatlygyna el uzadyp, hususy durmuşyna goşulyşmak hasap edýärler. ABŞ-nyň döwlet departamentiniň dünýädäki adam hukuklarynyň ýagdaýy babatdaky hasabatlarynyň birinde, Täjigistanyň hökümetini sakgal goýberýän raýatlara garşy görýän çäreleri sebäpli berk tankyt edýär. Hasabatda aýan edilişine görä, Täjigistanda sakgal goýbermek barasynda resmi gadagançylyk ýogam bolsa, sakgally raýatlar yzygiderli ýagdaýda, ylaýta-da işe başlan mahaly şeýle problema duçar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG