Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Aziada mynasybetli altyn we kümüş pullar çykaryldy


TDH-nyň fotosuraty
TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabatda geçiriljekAziýa oýunlary mynasybetli100 manatlykaltyn we kümüş şaýy pullarynyň ýadygärlik toplumyny çykardy.

TDH döwlet habar gullugy bu pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapyndaOýunlaryň nyşanynyň şekiliniň ýerleşdirilendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, nyşanyň aşaky sag böleginde “Türkmenistan Aşgabat 2017” diýlen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça “5th Asian Indoor & Martial Arts Games” diýlen ýazgy şekillendirilendir.

Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “Aşgabat 2017” diýlen ýazgy ýerleşdirildi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG