Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda geçiriljek Oýunlara ýene bir resmi hemaýatçy tapyldy


TDH-nyň fotosuraty

Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek Oýunlara ýene bir hemaýatçy tapyldy.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, “Hyundai Engineering” kompaniýasy Oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş eder.

“Hyundai Engineering” Günorta Koreýanyň “Hyundai Motor Group” kompaniýasynyň agzasy bolup, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistandaky inženerçilik proýektlerine gatnaşýar we ýerli “Çandybil” futbol toparynyň resmi hemaýatkäri bolup durýar.

Mundan öň Aziada “Mastercard”, “Dragon Oil, CNPC we “Türkmenhowaýollary” kompaniýalarynyň hemaýatçy boljagy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG