Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bosgunlar toparynyň Aziada gatnaşmagy maslahatlaşyldy


"Aşgabat" stadiony
"Aşgabat" stadiony

Aşgabatda bosgunlar toparynyň Aziada-2017-ä gatnaşmagy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrlidinde BMG-nyň Bosgunlar edarasynyň Merkezi Aziýadaky regional utgaşdyryjysy Ýasuka Odonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşyk boldy diýip, “Türkmenistan.ru” neşiri habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Oýunlara görülýän taýýarlyk, şeýle-de bosgunlaryň bu ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligi barada pikir alşyldy.

Ýasuko Odo ýaryşlara keniýaly bosgunlaryň gatnaşmagy üçin döredilen mümkinçilige minnetdarlyk bildirdi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de bu delegasiýa Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG