Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Dollar konwertasiýasy çäklendirilýär, ýene-de


Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän plastik kartlar

Aşgabatdaky banklaryň ählisi, haçan bolsa-da bir wagt öz bank hasaplaryndan “Yandex money”, “PayPal”, “web money” we “wire transfer” ýaly hyzmat gulluklaryna pul serişdesini geçiren fiziki şahslaryň türkmen manadyny amerikan dollaryna konwertasiýa etmek baradaky arzalaryny kabul etmegi bes etdi diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi habar berýär.

Belläp geçsek, bu waka Türkmenistanda bank goýumçylaryna gözegçiligi güýçlendirmek baradaky resminamanyň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Geň tarapy, bu täze düzgün geçmişde amala aşyrylan walýuta operasiýalaryna degişli bolup, onuň haçan amala aşyrylandygyna seredilmeýär. Eger “VISA” kartyny ulanýan islendik şahs geçmişde agzalýan hyzmat gulluklarynyň birinden peýdalanan bolsa, onda onuň arzasy kabul edilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

Onuň tassyklamagyna görä, bank karty arkaly daşary ýurtlardan alnan haryt üçin töleg amala aşyrylan bolsa, onda bank tölegiň geçirilendigi baradaky çeki, resminamany we satyn alnan harydyň poçta arkaly gowşurylandygy baradaky kwitansiýany hem talap edýär.

“Maddy däl hyzmatlar üçin geçirilen tölegler barada hiç zat aýdylmaýar. Şol sebäpli tölegleriň bu görnüşi bölüm müdiriniň garamagyna geçirilýär. Şeýlelikde, muny subut etmek uly iş bolýar. Şeýle-de ikirjiňlenýän adamlaryň polisiýa söhbetdeşlige çagyryljakdygy barada myş-myşlar hem bar” diýip, Azatlygyň çeşmesi belleýär.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky we Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Emma bu waka Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýew tarapyndan gol çekilendigi aýdylýan resminamanyň bankyň welaýat bölümlerine iberilendigi barada maglumatlaryň peýda bolmagyndan tas 10 gün soňa gabat geldi.

4-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gowşan resminamada soňky döwürde ýurtda erkin walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi bilen türkmen manadynyň töwereginde bolup geçýän ýagdaýlar, hususan-da döwlet kursundan walýuta almak ugrunda tapylýan emeller babatynda alada bildirilýärdi.

Şeýle-de, şol hatda bankyň esasy aladasynyň raýatlara edilýän bank hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak bilen baglanyşyklydygy aýdylsa-da, onuň ýazylmagynyň esasy sebäpleriniň biriniň raýatlaryň öz serişdelerini ulanyşyna has kän kontrollyk etmek bilen bagly ýaly bolup görünýär.

Mysal üçin, “daşary ýurtlara gitmän, halkara töleg kartlaryndaky serişdeleri yzygiderli internet hyzmatynyň üsti bilen daşary ýurtlara geçirýän raýatlary seljermeli we şeýle ýagdaýlar yzygiderli dowam edýän raýatlaryň atlaryna hiç hili ýükler gelmeýän bolsa, onda olaryň halkara töleg kartlaryna pul serişdelerini goýmaklygyny togtatmak meselesini öwrenmeli” diýip, hatda aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, mundan öň Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Stambul şäherinde ençeme türkmenistanly aýalyň birnäçe kart arkaly bankomatdan pul çykarýan mahallary özara dawalaşyp, polisiýa tarapyndan saklanylandygyny we olaryň biriniň sumkasyndan dökülen onlarça bank karty bilen polisiýanyň ünsüni çekendigini habar beripdi.

Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar. Bu ýagdaý ýurtda walýutanyň iki - döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirip, häzirki wagtda 1 amerikan dollary döwlet kursunda 3 manat 50 teňňä barabar bolsa, “gara bazarda” ortaça 6 manat 50 teňňä durýar.

Şeýlelikde, ýurtda manadyny döwlet kursunda amerikan dollaryna öwren käbir raýatlaryň soň ony daşary ýurtlardaky bankomatlardan amerikan dollarynda ýa-da ýewro pul birliginde nagtlaşdyryp, ýurduň “gara bazarynda” satyp, esli peýda görýändigi ýa-da öz serişdesini belli derejede ýitirmän saklamaga çalyşýandygy aýdylýar.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG