Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Taliban” Trampa ýazan 'açyk hatynda' Owganystany terk etmäge çagyrýar


ABŞ-nyň harbylary, Owganystanyň Uruzgan welaýaty, 7-nji iýul, 2017
ABŞ-nyň harbylary, Owganystanyň Uruzgan welaýaty, 7-nji iýul, 2017

“Taliban” söweşiji topary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa “açyk hat” ýollap, Birleşen Ştatlary 16 ýyl bäri dowam edýän konfliktden soň Owganystany terk etmäge we bu ýurtda goşunynyň sanyny artdyrmazlyga çagyrdy.

“Ozalky tejribeler Owganystana has köp goşun ibermegiň Amerikanyň harby we ykdysady kuwwatynyň ýene ýumrulmagyndan başga hiç hili netije bermeýändigini görkezdi” diýlip, iňlis dilinde ýazylan we 15-nji awgustda žurnalistlere iberilen hatda aýdylýar.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid tarapyndan ýollanan bu hatda ABŞ-nyň goşunyny çekmeginiň “Amerikan harbylaryny zyýanly ýoldan saklajakdygy” we “miras galan urşy soňlap” biljekdigi bellenýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis Trampyň administrasiýasynyň Owganystan boýunça täze strategiýasyny gysga wagtda yglan etmäge taýýarlanýandygyny 14-nji awgustda aýtdy.

ABŞ 2010-2011-nji ýyllarda Owganystanda saklan 100 müň çemesi goşunynyň sanyny soň çürt kesik azaltdy. NATO-nyň güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystany terk etmeginden soň ýurtda 8,400 çemesi amerikan harbysy galdy.

Media maglumatlarynda Mattisiň ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny 4000 adamlyk artdyrmagy teklip edendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG