Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagy dowam edýär


Bag-bakja önümleri, Aşgabat.
Bag-bakja önümleri, Aşgabat.

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda we bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.

Ozal döwlet bahasynda kilosy 3 manat bolan şeker gytalyp, nobatlar köpelipdi. Indi onuň bahasy 65 % ýokarlanyp, häzirki wagtda 1 kilo şeker döwlet dükanlarynda 5 manatdan satylýandygyny Aşgabatly ýaşaýjy, köp çagaly ene Mähriban aýdýar. Ýöne onda nobatyň ýokdugyny-da Mähriban belleýär. Şekeriň nobatsyz satylmagynyň sebäplerini Mähriban onuň bahasynyň aşa ýokarlanmagyndan görýär.

Şeýle bahadan geregiçe şeker satyn almaga özlerinde maliýe mümkinçiligiň ýokdugyny, şol sebäpli gyş üçin mürepbe taýýarlamakda kynçylyk çekýändiklerini, pes ýagdaýly maşgalalaryň bolsa sanardan köpdügni hem Mähriban sözüne goşýar.

“Şu ýyl gök önümlerdir miweleriň bahasy hem gymmat. Şekerem gymmat, şol sebäpli gyş üçin geregiçe mürepbe, kompot ýaly iýmitleri taýýarlap bilemizok” diýip, Aşgabatly ýene bir ýaşaýjy Gülsün hem söhbetdeşlige goşulýar.

Ozal gyt bolup, nobatlar döreden Ahal ýagynyň häzir hem gyt bolmagynda galýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.Gülsüniň sözüne görä, bir ele bir baklažkadan berilýän Ahal ýagyny gözläp, Paýtagt söwda merkeziniň dükanlaryna aýlananda oňa, “Ahal ýagy öýlän bolar” diýip jogap beripdirler. “Körpe” dükanyna baryp Ahal ýagyny soranda bolsa: “Ahal ýagy irden boldy, bu gün başga bolmaz” diýip jogap beripdirler.

Ozal 7 manat bolan kökeleriň häzir 13 manada, 8 manat bolan karamel süýjüleriň häzir 15 manada çenli ýokarlanandygyny döwlet dükanlarynda görse bolýar. Türkmenistanyň özünde önýän 1-nji sortly uny tapmagyň hem kynalandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ahal galla önümleri birleşigine degişli Çörek dükanynyň tekjesinde duran 1-nji sortly undan satyn almak isleseň satyjylar, onuň zaýa bolan undugyny aýdyp, her kilosy 3, 50 manat undan satyn almagy maslahat berýärler.

1-nji sortly unuň näme üçin tekjede durandygyny soranymyzda, düşündiriş bermeýärler. Ýöne arzan bahaly un dükanlarda bar diýilmegi, ýagny göz üçin ol unuň tekjelerde duran bolmagynyň ähtimaldygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Döwlete degişli dükanlarda azyk önümleriniň, hususan-da, şekeriň bahasynyň näme sebäpden gymmatlaýandygy barada ilata düşündiriş berilmeýär.

“Her ýylda aýlyklar 10 göterim galdyrylýar diýip, agyz dolduryp gürrüň edilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarnyň peselýändigini bolsa ýolbaşçylar görmezlige salýarlar” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG