Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň öňki ministri özüne garşy gozgalan işde Seçini, FSB gullugyny aýyplady


Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew

Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew Moskwanyň sudunda 16-njy awgustda eden çykyşynda özüne garşy gozgalan işiň galp aýyplamalara esaslandyrylandygy aýtdy we döwletiň eýeçiligindäki täsirli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçini “prowokasiýa” arkaly nyşana almakda aýyplady.

Ulýukaýewiň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda tussag edilmegi prezident Wladimir Putiniň daşyndaky biznes we syýasy toparlarda täsir döredipdi.

Prokurorlar Ulýukaýewiň regional “Başneft” regional nebit kompaniýasyndaky uly paýyň “Rosneft” kompaniýasyna berilmeginiň ministrlik tarapyndan güwä geçmek üçin 2 million amerikan dollary möçberinde para alan wagtynda tutulandygyny aýdýarlar.

Ulýukaýew özüne garşy gozgalan işiň Seçin we Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) tarapyndan gozgalandygyny suda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG