Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamlaryň saglygyny robot hekimler barlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýakyn geljekde robot hekimler adamlary saglyk barlagyndan geçirer diýip, "Telegraf" neşiri ýazýar.

Britaniýanyň "Babylon Health" firmasy Londonyň birnäçe etrabyny öz içine alýan synag işlerine başlapdyr.

Bu firma edil häzirki ýagdaýda özüni oňaýly duýmaýan müşderilerine ýörite kompýuter programmasynyň kömegi bilen hekimlerden gönümel internetiň üsti bilen wideoşekilli ýa-da ýazmaça görnüşde maslahat almaga mümkinçilik döredipdir.

Firmanyň öne sürmegine görä, şeýle hyzmatyň belli bir bölegini robotlar üstünlikli derejede ýerine ýetirýärler. Hatda olar saglyk barlagynda adamynyň ýagdaýyny hekimlerden has anyk kesgitläp bilýärler. Sebäbi olar hekim maslahatyny şeýle hassa degişli millionlarça derňewiň netijesine salgylanyp berýärler.

Hassa öz saglyk ýagdaýy baradaky maglumaty internet arkaly aragatnaşyk guran robota iberer we ol hem derrew onuň saglyk ýagdaýyny ähli taraplaýyn barlagdan geçirer. Ondan soň robot "Ynjalyksyzlanmaga zerurlyk barmy?" diýip sorar. Zerur bolan halatynda robot ony derrew gönümel adaty hekim bilen gepleşdirer.

"Babylon" häzir synagdan geçirilýän bu maksatnamanyň şowly bolmagyna we tutuş ýurtda amala aşyrylmagyna umyt edýär.

Täze usula görä, beriljek bu hyzmatdan adamlar öz smartfonlarynyň üsti bilen peýdalanyp bilerler. Ýasama aň bolsa olara, ýa tiz kömek çagyrylmagyny, ýa-da golaýdaky dermanhana gidip, nähili derman almagyň gerekdigini maslahat berer.

Firmanyň başlygy hekim Ali Parsa adamlaryň hiç haçan anyk howa ýagdaýyny kompýutersiz kesgitläp bilmeýändigini aýdýar. Onuň pikirine görä, adamyň saglyk ýagdaýynyň täze görnüşde kesgitlenmegi hem hut şonuň ýaly ýagdaýdyr.

Ol hekimleriň emeli aňdan has giň gerimli peýdalanmalydygyny öňe sürýär. Şeýlelikde, hekimler öz wagtynyň köp bölegini adamyň saglyk ýagdaýyny jikme-jik kesgitlemegiň deregine, onyň keselini bejermäge sarp ederler.

Ali Parsa saglygy saklaýyş pudagynyň diýseň çalt depginde ösýändigini nygtamak bilen adam beýnisiniň gerek bolan ähli maglumatlary şol bir wagtyň özünde jemläp ýetişmäge ukyply däldigini bildirýär.

Onuň aýtmagyna görä, emeli aň barada geçiren synaglary robot hekimleriň adamyň saglyk ýagdaýyny adaty hekimlerden has çalt we anyk kesgitläp bilýändigini subut edipdir.

Ýöne käbir jemgyýetçilik guramalary, umuman alynanda, adamyň saglyk ýagdaýynyň internetiň üsti bilen kesgitlenmeginden ynjalyksyzlanýandygyny mälim edýärler.

Saglyk hyzmatynyň hiline seredýän komissiýa, "Asset Chemist" we "Treated.com" diýip atlandyrylýan iki sany internet firmasynyň alyp barýan işlerini barlandan soň, halk köpçüligine ol firmalaryň adamyň kimdigini, hassalyk ýagdaýyny ýa-da nämäniň oňa nähili täsir edip biljekdigini anyk bilmän, derman maslahat berýändigini beýan edipdir.

XS
SM
MD
LG