Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyna ugradylar


"Ar-Togrul" metjidi, Aşgabat
"Ar-Togrul" metjidi, Aşgabat

Türkmenistandan haja barýan zyýaratçylar 17-nji awgustda “Türkmenhowaýollary” döwlet kompaniýasynyň uçary bilen Saud Arabystanyna ugradylar diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Şu ýyl prezidentiň permanyna görä, Türkmenistandan haç zyýatyna 160 adam gitdi.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, saparyň öňýanynda ruhanylar we zyýaratçylar maslahat geçirip, bu çäräniň guramaçylygyna degişli meseleler barada pikir alyşypdyr.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda 180 töweregi zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haç parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG