Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen çig nebitiniň Eýrana eltilmegi togtadyldy


Neka portundaky eýran tankeri

"Dragon Oil" we "ENOC" kompaniýalary türkmen çig nebitini Eýrana getirmeklerini togtatdylar diýip, “georgiatoday.ge” neşiri habar berýär.

Bu habar Eýranyň Aşgabada gaz ibermegi kesendigi üçin suda bermek haýbatyny gaýtalaýan wagtyna gabat geldi.

Neşiriň maglumatyna görä, şu aýyň başynda rus baýdagy astyndaky VF Tanker-20 we VF Tanker-13 gämileri Eýranyň Neka portuna Çelekenden çig nebitiň üç ýüküni getirdiler. Görlüp oturylsa, bu ýükleriň getirilmegi Türkmenistanyň häkimiýetlerinden resmi ygtyýarnama almazdan gurnalypdyr.

Şeýle-de, bu ýüküň tranzit dokumentleriniň Ýewropa Baku portunyň üsti bilen geçirilmeli edilip doldurylandygy aýdylýar.

Bu gämileriň ikisi-de 11-nji awgustdan bäri, goşmaça görkezme berilmegine garaşyp, Alaja ýollary portunda saklanylýar. Görnüşinden, bu gijikme «Dragon Oil» kompaniýasynyň türkmen häkimiýetlerinden ýükleri günorta menziline ýetirmek üçin resmi rugsat almak synanyşygy bilen bagly. Emma habarda munuň aşa köp wagt aljakdygy ýa-da asla başa barmajakdygy öňe sürülýär.

Türkmen çig nebitiniň Eýranyň port şäherine eltilen ýüküniň ýolundan saklanmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-9-njy awgustda Azerbaýjana eden resmi saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk jarnamasyna, şol sanda energiýa we transport pudagyndaky hyzmatdaşlyklar baradaky şertnamalara gol çekildi.

“Georgiatoday.ge” neşiri şu aralykda «Dragon Oil» we «ENOC» kompaniýalarynyň türkmen nebitini Eýrana Bakuwdan sowa ýol bilen getirmek synanyşygynyň türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň ruhuna ters gelýändigini belleýär.

Şeýle-de neşir «Dragon Oil» kompaniýasynyň Neka portuna türkmen nebitini getirmegini Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy dowam edýän sanksiýalary sebäpli-de togtadyp biljegini belleýär.

Bu habar Türkmenistanyň daşary işler Ministri Reşit Meredowyň ozalky sowet respublikalarynyň bir toparyna, şol sanda goňşy Eýrana sapar etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu saparlarda özara hyzmatdaşlygy, hususan-da söwda-haryt gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak meseleleri barada maslahat edildi.

Mälim bolşy ýaly,ekspertler Türkmenistanyň energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy, Russiýa we Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegi esasynda barha ýitileşýän ykdysady krizise sezewar bolandygyny aýdýarlar. Ikinji tarapdan, Türkmenistan sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary üçin milliardlarça dollar çykdajy etdi we, resmi taýdan tassyklanmadyk habarlara görä, bu çäre ýene bir topar döwlet harajadyny talap edýär.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň maglumatyna görä, bu talap Türkmenistanda maý aýynda jogapkär döwlet işlerinde işleýän onlarça adamyň türmä basylmagyna, ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça ýörite bir gullugyň döredilmegine alyp geldi.

Şu aralykda Türkmenistan, resmi maglumatlara görä, import edilýän harytlary azaldyp, eksportyň möçberini artdyrmak, daşardan getirilýän harytlaryň öwezini tutjak önümleriň möçberlerini artdyrmak çärelerini görýär.

Aziýa oýunlaryna zerur harajatlar barada aýdylanda bolsa, Oýunlary geçirmäge taýýarlyk boýunça ýetine ýetiriji komitet Aziada -2017-niň hemaýatçylarynyň we hyzmatdaşlarynyň sanynyň birnäçe bolandygyny habar berýär.

Şu aralykda türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow daşary işler ministri Hawaja Muhammad Asifiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen pakistan delegasiýasyny kabul etdi.

Duşuşyk mahalynda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda energiýa, transport we logistika pudagyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, akipres.com neşiri habar berdi.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG