Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen resmisi ýitirim bolan meşhur aýdymçynyň 'tiz wagtda tapyljagyny aýtdy


Çeçenistanyň Metbugat we informasiýa boýunça ministri Džambulat Umarow
Çeçenistanyň Metbugat we informasiýa boýunça ministri Džambulat Umarow

Orsýetiň Çeçenistan regionynyň häkimiýetleri 10 gün bäri garyndaşlary bilen habarlaşmadyk meşhur aýdymçynyň gurgun we “tiz wagtda tapyljagyny" aýtdylar.

Emma Çeçenistanyň Metbugat we informasiýa boýunça ministri Džambulat Umarow 18-nji awgustda eden bu beýanatynda aýdymçynyň ykbaly barada maglumatyň çeşmesini we onuň nirededigini mälim etmedi.

Zelimhan Bakaýewiň garyndaşlarynyň 16-njy awgustda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Moskwada ýaşaýan aýdymçy öz garyndaşynyň toýuna gatnaşmak üçin Çeçenistanyň paýtagty Grozna barypdyr we 8-nji awgustda ýitirim bolupdyr.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň tankytçylary howpsuzlyk güýçleriniň adam ogurlygyny dissidenlere, syýasy garşydaşlara we yslamçy söweşijilere gözegçilik etmek üçin amala aşyrýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG