Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanly kinoçynyň ýazyjy aýal hakyndaky eseri Saraýewo film festiwalynda birinjiligi aldy


Saraýewo Film festiwalynyň ýeňijileri

Maşgala durmuşy bilen ýazyjylyk yhlasyny utgaşdyrjak bolup çytraşýan gürji zenany hakyndaky film 23-nj Saraýewo kino festifalynda iň gowy çeper film baýragyna mynasyp boldy.

Üç gezek Oskar baýragyna mynasyp bolan amerikan konoçysy Oliver Stone we britan aktýoryJohn Kliz (Cleese) dagy bolsa, 17-nji awgustda tamamlanan bir hepdelik festiwalda durmuşda gazanan rowaçlyklary üçin diýen baýrak bilen sylaglandy.

Dünýäniň 54 ýurdundan getirilen 235 filmiň içinden žýuriler 27 ýaşyndaky gürji kinoçysy Ana Uruşadzäniň “Gorkunç ene” kinosyny festiwalyň esasy baýragy – Saraýewonyň ýüregi bilen sylagladylar. Bu baýrak 18 müň ABŞ dollaryna barabar pul sylagyny hem öz içine alýar.

Bu gürjüstanly kinoçylaryň Saraýewoda alan ilkinji sylagy däl. 2013-nji ýylda Nana Ekwtimişwiliniň we Simon Grosyň “Güller açylanda” filmi hem baýraga mynasyp bolupdy.

Saraýewo Film festiwaly 1990-njy ýyllardaky Bosniýa urşy döwründe esaslandyryldy şondan bäri sebit üçin Awstriýadan Russiýa, Türkiýä çenli uzaýan uly senagat platformasyna öwrüldi.

XS
SM
MD
LG