Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ispaniýany ýazyjyny Türkiýä ekstradisiýa etmezlige çagyrýar


Dogan Akhanly
Dogan Akhanly

Germaniýa Ispaniýany Türkiýäniň talaby esasynda tussag edilen german ýazyjysy Dogan Akhanlyny ekstradisiýa etmezlige çagyrdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel 19-njy awgustda ispan kärdeşinden tussag edilen Akhanla mümkin boldugyça çalt konsullyk kömeginiň berilmegine ýol açylmagyny sorady.

Akhanl Türkiýede doglan, emma ol 1984-nji ýylda ýurtda bolan harby döwlet agdarylyşygyndan soň ençeme ýyl türmede oturyp, 1991-nji ýylda Germaniýa emigrasiýa gitdi.

Galamdaşlar arkalaşygynyň, ýazyjylaryň PEN guramasynyň german bölümi Akhanlynyň tussag edilmeginiň syýasy sebäplidigine ynanýandygyny, sebäbi onuň 1915-nji ýylda Türkiýede köpçülikleýin öldürilen ermeniler barada ýazandygyny aýtdy.

Şeýle-de Akhanly Türkiýede adam hukuklarynyň bozulmagy barada ýazýar.

PEN Akhanla bildirilýän aýyplamalaryň onuň Türkiýeden daşarda alyp barýan aktiwlikleri bilen baglydygyny aýtdy.

Dpa habar gaentligi Akhanlynyň german raýatydygyny, türk raýatlygynyň ýokdugyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG