Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy


Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Eregli etrabynda žandarm güýçleriniň gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan 28 zenan göz astyna alyndy. Saglyk barlagyndan geçirilen zenanlardan U.H. atly türkmenistanly raýatda SPID keseline sebäp bolýan HIV wirusynyň bardygy kesgitlendi. Şeýle-de, onuň ýaranlary bolan zenanlardan iki sanysynda sifilis, ýene birinde hem Gepatit B ýokanç keseliniň bardygy anyklandy.

Türkiýäniň "Hürriýet” gazetinde çap edilen habarda beýan edilişine görä, Marmara Ereglisi etrabynyň žandarm gullugynyň işgärleri 16-njy awgust gijesi gurnan operasiýasynda, Ýenijiftlik we Sultanköý atly mähellelerde ýerleşýän gijeki kluplarda we myhmanhanalarda ten söwdasyny edýän, şeýle-de bikanun ýagdaýda işledilýän jemi 28 sany daşary ýurtly zenany göz astyna aldy.

Hassahana äkidilip saglyk barlagyndan geçirilen daşary ýurtly zenanlardan U.H. atly türkmenistanly zenanyň SPID keseline sebäp bolýan "HIV" wirusynyň, şeýle-de türkmenistanly T.P. atly zenan bilen özbegistanly D.J. atly zenanda sifilis keseliniň bardygy aýan edildi. Ten söwdasy bilen meşgullanan daşary ýurtly zenanlar resmi işler tamamlanansoň, deportasiýa edilmegi üçin, Tekirdagyň welaýat migrasiýa gullugyna tabşyryldy.

Adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir saglyk işgäriniň aýtmagyna görä, ten söwdasynda tutulan migrant zenanlaryň keselleri Türkiýede däl-de öz ýurtlarynda ýokuşypdyr.

Ýeri gelende aýtmaly bolsa, Türkmenistanda wagtal-wagtal çykýan maglumatlarda, ýurtda SPID keseli ýokuşan näsaglaryň ýokdugy aýdylýar. Emma Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, Türkmenistanda medisina boýunça ýokary bilim alyp, onlarça ýyllap, dürli keselhanalarda işlän we häzir Türkiýede ýaşaýan saglyk işgäriniň aýtmagyna görä, ol öz işlän döwründe ýurtda köpsanly SPID we sifilis kesellerine duçar bolan näsaglara duş gelipdir. Ol türkmen resmileriniň bu ýagdaýy gizleýşi ýaly, raýatlaryň hem jemgyýetde ýekiriläýmäýin diýen gorky bilen özüniň hut şeýle keseliň ýokuşandygyny aýtmaga uýalýandygyna üns çekýär.

Ýatlap geçsek, Antaliýa polisiniň Arapsuýu mähellesinde ýerleşýän bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan 25 ýaşyndaky Sona S, 28 ýaşyndaky A.S. we 30 ýaşyndaky M.H. atly türkmenistanly zenanlar bilen olara araçylyk edýän Ali K. we Ramazan S. atly türk raýatlaryny tussag edipdi. Habarda, türkmenistanly zenanlardan Sona S. atly aýalyň öz ýurdunda polisde işleýändigi we ýyllyk rugsada çykandan soň, pula mätäçlik çekýändigi üçin bir tanşynyň üsti bilen Antaliýa ten söwdasyny etmäge gelendigi beýan edilýär.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistan UNAIDS guramasynyň hasabatynda hem SPID (HIV/AIDS) bilen bagly ýagdaý barada düýpden maglumat berilmedik az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG