Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Aziadanyň öňünden awtomobil hereketi çäklendirilýär


Aşgabat görnüşi
Aşgabat görnüşi

Türkmen häkimiýetleri 1-nji sentýabrdan başlap Aşgabatdaky awtoulag hereketlerini kesgin çäklendirmegi planlaşdyrýarlar. Azatlyk radiosynyň kanun goraýjy organlara ýakyn çeşmeleriniň habar bermegine görä, bu çäre Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly görler.

Bada-bat iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, Aşgabatdaky çäklendirme hem welaýat nomerli awtoulaglara, hem-de paýtagt nomerli awtomobillere degişli bolar. Mundanam başga, Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, Aziadanyň geçýän günlerinde Aşgabadyň köp böleginde türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryna öz maşynlaryny ulanmak gadagan ediler.

“1-nji sentýabrdan başlap, hususy maşynlara Aşgabadyň merkezi köçelerinde hereket etmek gadagan ediler. Özem bu awtoulaglaryň ählisine, şol sanda paýtagt belgili maşynlara hem degişli bolar. Eýýäm bu meselede ýol gözegçiligi polisiýanyň işgärlerine degişli tabşyryklar berildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri welaýat belgili awtomobilleriň paýtagta girmegini eýýäm birnäçe aý bäriçäklendirip gelýärler. Başda bu gadaganlyk, Ahal welaýatynyň awtoulaglaryndan başga, ähli welaýat awtomobillerine degişli edildi. Iýul aýynyň aýagyndan bäri bolsa, Ahal welaýatynyň awtomobillerine hem gadaganlyk girizildi. Azatlygyň başga bir söhbetdeşiniň sözlerine görä, welaýat maşynlaryny şähere goýbermegi bes edenlerinden soň, paýtagtdaky awtomobil hereketi şeýle-de kesgin azalypdy.

“Paýtatgda maşynlar şeýle-de azaldy, hususan-da ahal nomerli maşynlara gadaganlyk girizilenden soň, şäheriň köçelerindäki awtoulaglar gaty selçeňledi. Sebäbi diýseň, paýtagtyň ýaşaýjylaryna degişli maşynlaryň aglabasy Ahal welaýatynda hasaba alnan maşynlardy. Aşgabatlylaryň nädip hereket etjeklerini bilemok, emma jemgyýetçilik transportynyň möçberini artdyrmak barada tabşyryk berildi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň merkezi köçeleri, paýtagtyň uly territoriýasyny tutýan ýollar hususy maşynlar üçin Aziada başlanmazyndan has öň ýapylar. Aziada günleri bolsa, onuň tassyklamagyna görä, tutuş şäher, şäher etegindäki ýaşaýyş etraplaryndan başga, hususy awtomobilleriň hereketi üçin ýapyk bolar.

Aşgabatlylaryň sözlerine görä, hususy awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda eýýäm taksi nyrhlary asmana galdy.

“Ozallar, mysal üçin, 11-nji mikroraýondan merkeze gitmek üçin, 7-8 km aralyk, hususy taksilere 3-5 manat tölemelidi. Şu günki günde “sary taksiler” diýilýänler, bu döwlet taksiler, bu aralyga 15-20 manat alýarlar.Bu aşgabatlylar üçin uly pul” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Awtomobil hereketiniň kesgin çäklendirilmek ähtimallygy baradaky habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy paýtagtyň üstünden ýene bir gezek dikuçarlary gözegçilik eden wagtyna gabat geldi. 22-nji awgustda Aşgabadyň ýokarsyndan dikuçarly aýlanyp, prezident “awtotransport hereketini optimallaşdyrmak we sazlaşdyrmak” barada tabşyryk berdi.

Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça guralýan 5-nji Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Onuň başlanmagyna üç hepdeden sähel gowrak wagt galdy, emma ýurduň we onuň lideriniň abraýyny galdyrmaly sport oýunlaryna bir ýyl bäri görülýän taýýarlyk işleri türkmenistanlylara her dürli amatsyzlyklary döredýär.

Golaýlap gelýän Aziada bilen baglylykda, her dürli çäklendirmelerden başga, Azatlyk türkmenistanlylardan serişde toplanyşy, Aziadany geçirmäge serişde ýetmezçiligi zerarly aýlyklaryň gijikdirilişi barada hem habar berdi.

Soňky wagtlarda bolsa, Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky jaýlaryň ýaşaýjylaryna öz kwartiralarynyň köçe tarapdaky äpişgelerirni açmagy hem gadagan etdiler.

Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysynyň şu gün beren maglumatyna görä, eýýäm 21-nji awgustdan başlap,Aşgabadyň protokol köçelerinde awtoulag hereketi togtadyldy.

XS
SM
MD
LG