Sepleriň elýeterliligi

Katar Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny doly dikeltdi


Kataryň daşary işler ministri Şeýh Muhammad bin Abdulrahman al-Thani

24-nji awgustda Katar Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny doly dikeltdi we Saud Arabystanynyň hem birnäçe arap ýurdunyň Dohanyň Tähran bilen gatnaşykdan saklanmagyny dowam etdirmegi barada eden talabyndan ýüz öwürdi.

Kataryň daşary işler ministri ýurduň ilçisiniň 20 aýlyk arakesmeden soň Tährana dolanjagyny aýtdy. Katar Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny Saud Arabystanynyň abraýly şaýy ruhanysy jezalandyrmagyndan soň Eýranda Saud Arabystanynyň iki diplomatyna edilen hüjümden soň kesipdi.

Kataryň ministrligi “Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlardan ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmäge öz niýetini mälim etdi” we daşary işler ministri Şeýh Muhammad bin Abdulrahman al-Thaniniň eýranly kärdeşi Jawad Zarif bilen gepleşiginde “ikitaraplaýyn gatnaşyklary” maslahat edendigini we munuň “gatnaşyklaryň güýçlendiriljegini we ösdürilmegini aňladýandygyny” aýtdy.

Katar we Eýran uly deňizýaka gaz ýatagyny bilelikde özleşdirýärler.

Iýun aýynda Kataryň arap ýurtlary bilen arasynda diplomatik dawasynyň döremeginden soň Eýran Katara öz ýardamyny güýçlendiripdi, hususan-da Saud Arabystanynyň Dohanyň ýeke-täk guryýer ýoluny ýapmagynyň yzýany deňiz üsti bilen azyk önümlerini ýetiripdi.

XS
SM
MD
LG