Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Sundandaky ilçisi Mirgaýas Şirinskiý öli tapyldy


Orsýteň Sundandaky ilçisi Mirgaýas Şirinskiý
Orsýteň Sundandaky ilçisi Mirgaýas Şirinskiý

Orsýetiň Sundandaky ilçisi Mirgaýas Şirinskiý öz rezidensiýasynda öli tapyldy.

AFP agentliginiň beren bu maglumatyny Orsýetiň Daşary işler ministrligi hem tassyklady, emma diplomatyň ölüminiň sebäplerini anyklaşdyrmady.

Reuters agentliginiň Sudanyň polisiýasyndaky çeşmesi Şirinskiniň saglyk kemçiliginiň bolandygyny, hususan-da onuň ýürek-damar kesellerinden ejir çekendigini mälim etdi.

60 ýaşly tejribeli diplomat Mirgaýas Şirinskiý soňky iki ýylyň dowamynda iş başynda ýogalan altynjy diplomatdyr.

Sudanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatynda Şirinskiniň ölüminiň sebäbi barada maglumat berilmedi.

Orsýetiň Sudandaky ilçihanasynyň metbugat-wekili ilçiniň 23-nji awgustda birnäçe gezek ýüreginden tutandygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG