Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Talyplaryň çärelere gatnaşmak güzaplary


Türkmenistanda studentler we mugallymlar köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýärler.
Türkmenistanda studentler we mugallymlar köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýärler.

Türkmenistanyň ýokary hem ýörite okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň kynçylyklarynyň artýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Özüni Taýmaz diýip tanyşdyran ýokary okuw jaýynyň talybynyň sözüne görä, talyplar çärelerden juda horçulyk çekýärler.

“Ol çärelere öz ýanyňda suw alyp barmak bolanok, iýmit alyp barmak bolanok. Uzakly güni aç-suwsuz durmakdan çärä gatnaşýan talyplaryň saglyk ýagdaýy juda peselýär. Wagtynda iýip-içip bilmedik talyplaryň aşgazan keselinden ejir çekýändiklerini eşitmek bolýar. Aç-suwsyz gezýän talyplaryň aşgazanlary ýygrylyp, soňra aşgazan iýmit talap etmeýär” diýip, Taýmaz aýdýar.

Gyşyň aýazly günlerinde ençeme sagatlap eginleri ýeňil egin-eşikli gyzlaryň daşarda durmaklary bilen, olarda güýçli sowuklama peýda bolup, soňra durmuşa çykýan gyzlaryň göwrelilik mahalynda köne derdiniň öjeýändigini aýdýan ene-atalar hem bar.

Şeýle çärelere sezewar edilen talyplaryň ýatlarynda, 2017-nji ýylyň 17-nji fewraly bolup, ol gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji möhlete prezident geçmegi bilen bagly kasam kabul ediliş çäresi bolandygyny Taýmaz ýatlaýar.

“Şol gün ýagan garyň aşagynda talyplar ir sagat 6-da, eýýäm prezident köşgüniň golaýyna ýygnanyp, olar sagat 12-ä çenli daşarda garyň aşagynda durmaly bolupdylar. Şonda gyzlaryň köwüşlerini çykaryp, köwüşleriniň içine dolan gar suwuny birnäçe gezek dökmeli boldular. Aýakdan geçen sowugyň olara nähili täsir edenini biljek däl” diýip, Taýmaz aýdýar.

Tomsuň aşa gyzgyny hem sowukdan pes däl. Dymyk yssy howada hem talyplar juda horlanýarlar. Şu ýylyň 29-njy Iýulynda Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlaryna 50 gün galmagy mynasybetli geçirlen tigir sürmek çäresi hem talyplaryň ýatlaryndan çykar ýaly bolmady” diýip, Taýmaz başyny ýaýkaýar.

“Arçabil şaýolunyň gyrasyna janly koridor edilip düzülen talyplar ir sagat 4-den günortan 12-ä çenli aýak üstünde durmaly bolupdylar. Ondan soňra awtoulag bolmanlygy sebäpli, talyplar pyýadalap, şäheri söküp umumy ýaşaýyş jaýlaryna gaýtdylar.

43 gradus yssyda umumy ýaşaýyş jaýyna gelýänçäk, aýagymyzdaky kedalaryň ýelimi eräp, kedalaryň aşagy gopdy. Şeýle zuluma aýakgaplar çydam edenok, emma talyplar çydam etmeli bolýarlar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran talyp aýdýar.

Çärelerden gaçgaklaýan talyplara dürli jeza çäreleriniň berilýändigini hem talyplar belleýärler. Ol çäreleriň iň ýeňili günortan sagat 13-den agşam sagat 20-ä çenli kitaphanadan çykman oturmaly.

Jeza çäresiniň ýene bir görnüşi prezidentiň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan 180 nakyly ýat tutmaly. Kähalatlarda bu çäre talyby okuwdan çykarmaklyga çenli baryp ýetýär diýip, talyplar ähli kynçylyklara döz gelmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG