Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatly aktiwist Nataliýa Şabunts özüniň ýene-de basyşa sezewar bolandygyny aýtdy


Nataliýa Şabunts

Aşgabatly adam hukuklaryny goraýjy Nataliýa Şabunts özüniň ýene-de basyşa sezewar bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanda bar bolan sosial problemalar, adam hukuklarynyň depelenmegi we öýsüz hawanlar babatyndaky rehimsizlikler barada maglumat bermegi bilen tanalýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts 20-nji awgustdan bäri özüne ikinji gezek hüjüm edilendigini aýdýar.

Hepdäniň başynda Nataliýa Şabuntsa iki sany zenan tarapyndan haýbat atylyp, olaryň kemsidiji we paýyş sözler bilen üstüne daşly topulandygy habar berilipdi.

24-nji awgustda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Nataliýa Şabunts soňky ýagdaýlar barada şeýle diýdi:

“Düýn, 23-ne men adatdakysy ýaly irden ýediniň ýarynda itlerimi gezdirmek üçin, öýümden çykjak bolup gapyny açanymda, bosagada özümiň uly suratymyň ýatandygyny gördüm, ol surat iki taraplydy. Şeýle surat meniň özümde-de ýok, suratyň daşymdan alnan bolmagy mümkin, özi-de birnäçe ýyl mundan ozal. Suratyň ýüzüne iňňe dürtülip çykylypdyr, üstesine oňa gara üçburçluk we selofan haltajyk berkidilipdir. Meniň pikirimçe, bu gorkuzmak üçin edilen bir zat bolmaly” diýip, türkmenistanly graždan aktiwisti aýtdy.

Şeýle-de, Nataliýa Şabunts 20-nji awgustda bolan ozalky waka bilen baglanyşykly goşmaça maglumatyň anyklanandygyny belläp, özüne hüjüm eden zenanlaryň daňdan öz öýüniň girelgesinde ençeme wagtlap garaşyp durandygyny girelgede berkidilen kameranyň surata düşürendigini gürrüň berdi.

20-nji awgustda irden iki sany nätanyş zenanyň Nataliýa Şabuntsa topulyp, haýbat atandygy habar berilipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG