Sepleriň elýeterliligi

Türk oppozisiýasy adalatsyzlyklara ünsi çekmek üçin “Adalat kongresine” başlady


Kiliçdaroglu demokratiýa ýörişiniň öňünde. Arhiw suraty

Türkiýäniň esasy oppozisiýa partiýasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň dolandyryşyndaky adalatsyzlyklara ünsi çekmek üçin “Adalat kongresine” başlady.

Ýurduň dünýewi Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kiliçdaroglu 26-njy awgustda demirgazyk-günbatardaky Çanakkale welaýatynda açyk asmanyň astynda gurnalan çärede müňlerçe adamyň öňünde çykyş etdi.

"Segsen million adalata teşne!” diýip, Kiliçdaroglu Türkiýäniň ilatyny nazarda tutup aýtdy.

Dört günlük kongres 2019-njy ýyldaky saýlawlardan öň Erdogana garşy durmak mümkinçiligini döretmegi niýet edinýär.

Kiliçdaroglu we beýleki oppozisiýa liderleri mundan öň iýulda soňlanan 25 günlük, 450 km aralyga geçirilen demokratiýa ýörişini gurnapdylar.

Şonda ýörişe çykanlar 2016-njy ýylyň iýulyndaky başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan soňky tutda-baslyklardan, hökümet basyp ýatyryşlaryndan nägileliklerini bildiripdiler.

Türkiýäniňbaşa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan soň girizen adatdan daşary ýagdaýlar düzgüni esasynda 50 müň çenesi adam tussag edildi, 100 müň çemesi adam işden kowuldy.

XS
SM
MD
LG